Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Prezidentlige kandidatlar çekişýär


Eýranyň prezidentligine kandidatlaryň sekizisi göni efirdäki telegepleşikde bir-biri bilen çekeleşige çykdy.

Emma kandidatlar öz garşydyşlaryna göni hüjüm etmekden we bir-birini tankytlamakdan saklandylar. Sorag-jogap görnüşindäki gepleşikde her kandidata öz pikirini aýtmak üçin 90 sekunt wagt berildi.

Çekişmäniň esasy bölegi iş ýerlerini döretmek, elýeterli jaýlary gurmak, giň ýaýran işsizigi we inflýasiýany duruzmak ýaly sosial we ykdysady meselelere gönükdirildi.

Şeýle-de kandidatlardan Eýranyň nebit girdejilerine garaşlylygyny nädip azaldyp boljakdygy barada soraldy.

21-nji maýda Eýranda 14-nji iýunda geçjek prezident saýlawlarynda bäsleşmek üçin hasaba alnan 700-e golaý kandidatyň diňe 8 sanysy tassyk edildi.
XS
SM
MD
LG