Sepleriň elýeterliligi

Tähran ABŞ-nyň hasabatyny ret edýär


Eýran anna güni Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň Tährany soňky iki onýyllykda daşary ýurtlarda terrorçylyga berýän goldawyny görülmedik derejede ýokarlandyrmakda aýyplaýan hasabatyny ret etdi.

Eýranyň BMG-däki missiýasynyň sözçüsi Alireza Mirýusefi Ýakyn Gündogarda terrorizmi goldaýan Birleşen Ştatlaryň özi diýdi. Ol Eýran döwlet howandarlygyndaky terrorçylygyň pidasy bolup geldi diýdi.

Döwlet departamentiniň penşenbe güni çap eden hasabatynda Eýranyň Liwandaky ýarany Hizbolla bilen ilteşikli Ýewropada we Aziýada planlaşdyrylan hüjümler, şol sanda 2012-nji ýylyň iýulynda Bolgariýada bäş ysraýyl we bolgar raýatyny öldüren, 32 adamy ýaralan partlama mysal getirilýär.

Eýranyň BMG-däki ilçisi geçen iýulda bolgar partlamasyna öz ýurdunyň gatnaşygyny ret etdi we bu işiň Ysraýyl tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG