Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet tankytçylary we toslama günäler


Azeri oppozisiýasy Bakuwda maslahat geçirýär. 28-nji maý, 2013 ý.
Azeri oppozisiýasy Bakuwda maslahat geçirýär. 28-nji maý, 2013 ý.
Human Rights Watch Azerbaýjany öz syýasy garşydaşlaryny şu ýylyň oktýabryndaky prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda neşe serişdeleri bilen ilteşdirip, tussag etmekde aýyplaýar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Robert Koalsonyň aýtmagyna görä, bular ýaly usuly ulanýan diňe bir Baku däl.

Eger-de siz nämäniň-nämediginden bihabar bolsaňyz, onda siz ozalky Sowet Soýuzynyň oppozisionerlerini bir topar ýeňiýoluklar, neşekeşler we ahlak taýdan bozuk neşirleriň bendileri hökmünde göz öňüne getirerdiňiz.

Mart aýynda Azerbaýjanyň polisiýa işgärleri Muhammet Azyzowy neşe serişdeleri bilen bagly aýyplamalar esasynda tussag etdi. Birnäçe hepdeden soň Daşgyn Mälikow hem gözenekden gözledildi. Ýene birnäçe günden soň bolsa Taleh Bagirowy azatlykdan mahrum etdiler. 9-njy maýda bolsa Raşad Ramazanowyň gezegi geldi.

Ady agzalan ýigitleriň ortalyk zady diňe bir özlerine ýöňkelýän günäni ret etmegi däl, eýse olaryň hemmesiniň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewi tankytlap çykyş etmegidir.

Muhammet Azyzow bilen Daşgyn Mälikow oppozisiýa toparlaryna degişlidirler. Bagirow bolsa ymam bolup, tussaglygynyň öňüsyrasynda öz wagzynda prezident Aliýew barada tankydy bellikleri aýdypdy. Raşad Ramazanow hem oppozisiýanyň blogçusydyr.

Toslama aýyplamalar diňe bir ýurda mahsus däl

Oppozisiýanyň aktiwistlerine düşnüksiz hem-de toslanan, esasan hem neşe serişdeleri bilen bagly, aýyplamalary ýöňkemeklik diňe bir Azerbaýjana mahsus däl. Orsýet, Ukraina we Belarus döwletlerinde hem aktiwistler dürli jenaýat işlerinde, ahlak taýdan bozuk neşirleri ýaýratmakdan başlap, gara işbiliň kontrabandasynda we jemgyýetçilik ýerlerinde bulagaýçylyk etmäge çenli günälerde aýyplanýarlar.

Hizer MakGil Londondaky Amnesty International atly hukuk goraýjy guramanyň hünärmenidir. Onuň aýtmagyna görä, aktiwistle syýasy bolmadyk dürli aýyplamalaryň ýöňkelmegi syýasy tussaglary gözläp tapmakda we goramakda hukuk goraýjy guramalaryň işini kynlaşdyrýar.

Bu usul, üstesine, awtoritar režim üçin galkan bolup hyzmat edýär, sebäbi “hökümetler özlerinde syýasy tussaglaryň ýokdugyny tassyklamagy halaýarlar” diýip, Hizer MakGrill bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Eger-de siz kimdir biri jenaýat işini amala aşyrdy diýip tassyklasaňyz, onda başga adamlara ony goramaklyk kynlaşýar. Bu işi gaty kynlaşdyrýar hem-de ol adamyň hakykatdan hem özüne ýöňkelýän jenaýaty edendigini ýa-da etmändigini anyklamak üçin gaty seresap bolmaly bolýarys”.

Saýlawdan öňki "çäreler"

Human Rights Watch geçen hepde çap edilen hasabatynda Azerbaýjanyň häzirki amala aşyrýan güp-bassy tutha-tutluklarynyň we tussag etmeleriniň “ýetip gelýän saýlawlar sebäpli [hökümetiň] tankytçylaryna garşy güýçlenen kampaniýasynyň bir bölegidigi” ýazylypdyr.

Prezident saýlawlary, plan boýunça, 16-njy oktýabrda geçmeli.

Bakuwda ýaşaýan Leýla Ýunus Human Rights Watch guramasy bilen ylalaşýar: “Soňky 20 ýylyň dowamynda žurnalistleriň tussaglyga sezewar edilmedik ýyly ýok. Olary ýa neşe serişdelerini saklamakda ýa-da bolmasa töhmetde aýyplap, tussag edýärler. Saýlawlary golaýlaşdygyça biz basyşlaryň-da güýçlenýändigini görýäris. Gözenege gabalan žurnalistleriň sany gitdigiçe köpelýär”.

Soňky iki ýylyň dowamynda Azerbaýjanda satiraçy Mirza Sakit, žurnalist Eýnulla Fatullaýew we Jabbar Sawallan dagylar neşe serişdelerini saklamakda aýyplanyp, tussag edildiler.

Hökümete ynansaň, neşeden başga işleri ýok...

Syýasy oppozisiýanyň agzalarynyň neşe serişdelerini ulanmaklyk epidemiýasy Azerbaýjan tarapyndan asla çäklendirilmeýär. Hökümete ynansaň, onda oppozisionerleriň neşe serişdesinden başga edere işi ýok. 2010-njy ýylda Taisiýa Osipowa atly rus aktiwistiniň Smolenskidäki jaýyndan polisiýa işgäri tarapyndan 4 gram geroin tapyldy diýip, ol toslama görä tussag edilýär. Onuň aýtmagyna görä, neşe serişdesi Taisiýa haçan-da ol “Drugaýa Rossiýa” atly oppozision hereketiň liderleriniň biri bolan Sergeý Fomçenkowa, ýagny öz adamsyna garşy görkezme bermändigi üçin öýüne taşlanypdyr.

Taisiýa Osipowanyň işi adaty däl. Sebäbi prokuratura 4 ýyl soran hem bolsa, kazyýet oňa 8 ýyllyk azatlykdan mahrum etmek jezasyny berdi. Sergeý Fomçenko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýalynyň işiniň tutuşlygyna syýasy işdigini aýtdy. Sergeý bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Jezanyň syýasydygyny hem-de onuň aňrybaş agyr [jeza] boljagyny men aýdýardym. Dogry, hiç kim onuň kazyýet tarapyndan 8 ýyl azatlykdan mahrum ediljegini çaklamandy. Suduň gelen kararyndan soň meniň büs-bütinleý ruhum çökdi we bu karar, [gürrüňsiz], syýasydy”.

Başgyrdystan respublikasynyň paýtagty Ufanyň kazyýeti Fanzil Ahmetşini, Federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň tassyklamasyna esaslanyp, onuň ýükünden opium neşesi tapyldy diýip, dört ýarym ýyllyk türme tussaglygyna hökümt etdi. Ahmetşin Somaliden gaýdyp gelýärdi. Fanzil Ahmetşin başgyrt medeniýetini we etniki özboluşlylygyny öňe sürýän “Halkara başgyrt assambleýasynyň” wekiliniň orunbasarydyr.

IHH-niň wekili Samet Doganyň 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bellemegine görä, Fanzil Ahmetşin, hakykatda, rus häkimiýetleriniň öz ýanyndan bir ýarym gram geroini tapandygyny aýdypdyr.

Munuň bilen baglanyşykly Samet Dogan şeýle diýýär: “Neşe söwdegärleri ol derejede az mukdarda neşe serişdesini geçirmeýärler. Bu prowokasiýa ýaly bolup görünýär. Hamala, hökümet şular ýaly klassyky usul bilen onuň jemgyýetçilik işine atanak çekmäge çalyşýana meňzeş”.

"Gara işbil" aýyplamasy

2008-nji ýylda sankt-peterburgly, “Başga Orsýet” atly syýasy hereketiň aktiwisti Olga Kurnosowany “kontrabandada” tutupdylar. Olgany Russiýanyň günortasynda ýerleşýän Astrahan şäherinde ýerleşýän demokratiýanyň tarapdarlarynyň goragçylarynyň seminaryndan gaýdyp gelýärkä, häkimiýetler onuň ýanyndan bir gapyrjak gara işbil tapyp, “kanuny bolmadyk harytlary almaklyk” toslamasy esasynda az wagtlyk tussag etdiler.

Ozalky Sowet Soýuzyna giren döwletlerde aktiwistleri şular ýaly şübheli işlerde, ýagny bikanun ýarag saklamaklykdan başlap, ahlaksyz neşirler we kanuny goraýjy organlara garşylyk görkezmek ýaly düzgüni bozmalarda aýyplap, azatlykdan mahrum edýärler.

2010-njy ýylyň dekabrynda Ukrainanyň “Winnisa” hukuk goraýjy toparynyň koordinatory Dmitriý Groýsmany ahlaksyz neşiri ýaýratmakda we öz blogundaky satiriki çaplarynda hökümet nyşanlaryny kemsitmeklikde aýyplap, tussag etdiler. Onuň işi häzire çenli barlanýar. Oňa 7 ýyl azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Dmitriý Groýsmanyň Azatlygyň Ukrain gullugyna aýtmagyna görä, sud seljermeleri onuň hökümete degişli däl guramasynyň işini duruzdy. Dmitriý Groýsman bu barada şeýle diýýär: “Ahlaksyz neşirlere we hökümet baýdagynyň kemsidilmegine garşy göreş alyp barmak bahanasy bilen, polisiýa işgärleri edara jaýymyza gelip, biziň resmi kagyzlarymyzy, şeýle hem BMG-niň agentliginden bosgunlar boýunça şahsy we gizlin maglumatly ähli resmi kagyzlarymyzy konfiskasiýa etdiler. Olar biziň edaramyzyň işini ýarym ýyla golaý togtatdylar”.

"Bulagaýlyk" hem bir bahana

Soňky aýlarda başga-da bir topar ukrain aktiwistleri bulagaýçylykda we dürli ownuk jenaýatlarda aýyplandylar.

Şu aý hem belarus žurnalistleri Aleksandr Ýaroşewiç we Dmitriý Halko bulagaýçylykda we hökümetiň wekillerine garşylyk görkezmekde aýyplanyp, gysga möhletli türme tussaglygyna höküm edildiler.

Geçen ýyl Belarusda hökümete degişli bolmadyk we ilata ýuridiki kömekleri berýän, 2003-nji ýylda ýapylan gurmanyň ozalky başlygy Oleg Wolçek jemgyýetçilik ýerinde “paýyş sözleri” ulanandygy üçin 9 günlük administartiw tussaglyga höküm edildi. Oňa ýöňkelen aýyplamalaryň üç gün mundan ozal polisiýa işgärleriniň protestçileri ýençmekde tankytlap çap etdiren makalasyna berlen jogapdygyna ynanýar.

Käbir işler gaty gülkünç bolup görünýär, emma olaryň netijesi her hili bolup biler. Tussag edilen orsýetli aktiwisti Taisiýa Osipowanyň adamsynyň öz aýalynyň günäsiniň geçilip, onuň jezasynyň ýeňilleşdiriljekdigine hiç hili umydy galmady. Sergeý Fomçenkow bu barada şeýle diýýär: “Olar meniň aýalymy türmede öldürmegä-de taýýar. Näme bolaýanda-da olar ony [azatlyga] göýbermezler”.
XS
SM
MD
LG