Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO çykyş sammitini geçirmekçi


ABŞ-nyň prezidenti B.Obama bilen NATO-nyň baş sekretary A.F.Rasmussen, Waşington, 31-nji maý, 2013.

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama bilen NATO-nyň baş sekretary A.F.Rasmussen, Waşington, 31-nji maý, 2013.

NATO ýurtlary geljek ýyl Owganystandan goşun çykarmagy ara alyp maslahatlaşmak barada sammit geçirmekçi bolýarlar

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu habary anna güni Waşingtonda NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen duşuşanyndan soň yglan etdi.

Birleşen Ştatlar we onuň 28 ýurtdan ybarat NATO ýarany 2014-nji ýylda Owganystandaky söweş goşunlaryny ol ýerden çykarmaga taýýarlanýar.

Obama özüniň Rasmussen bilen 2014-nji ýyldan soň görlüp biljek çäreler barada gürrüň edendigini aýtdy:

"Biz diňe gelýän ýyl ýarymda edilmeli işleri maslahatlaşmadyk, eýsem 2014-nji ýyldan soň, owgan howpsuzlyk güýçleriniň netijeli bolmagy we öz ýurtlarynyň serhetlerine gözegçilik edip bilmegi, NATO agzalarynyň Owganystanyň geljekde terrorizm üçin baza edilip ulanylmajagyndan arkaýyn bolmagy üçin görülmeli çäreler barada hem maslahat etdik."

Rasmussen NATO-nyň 2015-nji ýylda Owganystanda tälim missiýasyny taýýarlaýandygyny aýtdy.

"2014-nji ýylyň aýagyna biziň söweş missiýamyz tamamlanar we söweşžeň esgerlermiz öýlerine dolanar, owgan howpsuzlyk güýçleri öz ýurtlarynyň howpsuzlyk jogapkärçiligini öz üstlerine alar, emma biz ol ýerde tälim, maslahat we kömek bermek işimizi dowam etdireris."

2014-nji ýylda geçiriljek sammitiň anyk senesi we ýeri indi kesgitlenmeli.

Rasmussen bu sammitde NATO-nyň Owganystandan çykandan soňky missiýasy barada maslahat ediljegini aýtdy.

Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 62 müň, NATO-nyň bolsa 34 müň esgeri gulluk edýär.

Obama bilen Rasmussen ýurt goramak jogapkärçiligini öz üstüne alan owgan hökümetine kömekleşmek üçin näçe daşary ýurt esgeriniň ol ýerde galjagyny aýtmady.
XS
SM
MD
LG