Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Premýer-ministr protestçiler bilen duşuşdy


Senterra Altyn kompaniýasyna garşy protest. Barskun, 29-njy maý, 2013 ý.
Senterra Altyn kompaniýasyna garşy protest. Barskun, 29-njy maý, 2013 ý.
Gyrgyzystanyň premýer-ministri Žantoro Satybaldyýew şenbe güni demirgazykdaky Yssykköl regionynyň Jeti-Oguz etrabyna, ýurduň iň uly altyn käninde polisiýa bilen protestçiler çaknyşanyndan soň adatdan daşary ýagdaý girizilen ýere sapar etdi.

Anna güni Kumtor altyn käninde bolan çaknyşyklarda 50-den gowrak adam ýaralandy, 80 adam tussag edildi.

Ilatyň talaplary

Protestçiler düýbi Kanadada ýerleşýän Senterra altyn kompaniýasy tarapyndan işledilýän altyn käniniň millileşdirilmegini isleýärler. Olar bu kompaniýanyň ýeterlik salgyt tölemeýändigini we tebigata zyýan ýetirýändigini öňe sürýärler.

Şeýle-de olar altyn känini işledýän kompaniýanyň tebigata ýaramly infrastraktura we ýerli ilat üçin saglyk desgalaryny gurmagyny talap edýärler.

Satybaldyýew ýerli ilat bilen duşuşykda hökümetiň protestçileriň talaplaryny öwrenjekdigini we aýtdy.

"Men Gyrgyzystan bilen Senterra altyn kompaniýasynyň arasynda bar bolan ylalaşygy derhal üýtgederin diýip aýdyp biljek däl. Men soňky 20 ýylda dowam edip gelýän meseleleri bir günde çözüp bilmerin. Siz maňa ylham berdiňiz, men Kumtor babatda gyrgyz bähbitlerini gorajagyma söz berýärin" diýip, ol aýtdy.

Senterra Altyn kompaniýasyna garşy protestler, Barskun, 29-njy maý, 2013.
Senterra Altyn kompaniýasyna garşy protestler, Barskun, 29-njy maý, 2013.
Gyrgyz resmileri şenbe güni protestçileriň Kumtora barýan esasy ýoly baglamalaryny bes edendiklerini, altyn käniniň demonstrantlar tarapyndan kesilen elektrik liniýasynyň bejerilendigini aýtdylar.

Jelalabatdaky ýagdaý

Emma muňa garamazdan, günorta şäher Jelalabatdaky dartgynlyklar ýokarylygyna galýar, protestçiler ýerli gubernatoryň edarasyny basyp almalaryny dowam etirýärler. Kumtor protestçilerine goldaw berýän ýüzlerçe adam anna güni gubernatoryň edarasyna kürsäp urdy.

Jelalabatdaky ýerli resmiler özleriniň protestçiler bilen gepleşip, olary hökümet edarasyny boşatmaga yrjak bolýandyklaryny aýtdylar.

Kumtor baradaky hakykat

Gyrgyz metbugat habarlarynda şenbe güni onlarça adamyň Bişkekdäki hökümet binasynyň ýanynda toplanyp, häkimiýetlerden Kumtor altyn känindäki ýagdaýlar barada "hakyky maglumatlary" ýaýratmagy talap edendikleri aýdylýar.

Bu altyn käni Gyrgyzystanyň jemi içerki önüminiň 12 prosent çemesini düzýär.

Kumtordaky demonstrasiýalar 28-nji maýda başlandy, protestçiler şonda demirgazykdaky Týanşan daglaryndaky altyn känine barýan ýoly bagladylar.

Protestçiler anna güni ýerli elektrik stansiýasyna ikinji gezek reýd geçirdiler we bu ýagdaý altyn känine barýan toguň kesilmegine getirdi.

Jeti-Oguzdaky adatdan daşary ýagdaý anna güni ýerli wagt bilen sagat 15 00-da başlandy. Bu ýagdaý azyndan 10-njy iýuna çenli, sagat 2100 bilen 0600 aralygynda komendant sagadyny girizmek bilen dowam eder.
XS
SM
MD
LG