Sepleriň elýeterliligi

Ýusup Kör: “Syýasy haklarymyz çäkli”


Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.

Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.

Eýranda 14-nji iýunda prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlara ýurtda ýaşaýan beýleki etniki toparlar bilen bir hatarda, sanlary üç milliona ýakyn bolan türkmenler hem örän gyzyklanma bildirýärler.

Eýranly türkmenleriň öňdebaryjylaryndan Ýusup Kör, bu saýlawlara taýýarlyklar we saýlawlarda Eýran türkmenleriniň oýnajak we oýnap biljek rollary hakda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýranda geçirilýän saýlawlaryň Türkmensähra türkmenleri üçin ähmiýeti näme, siz şuňa nähili baha berýärsiňiz?

Ýusup Kör: Eýranyň esasy kanuny boýunça prezidentiň uly bir roly bar. Gynansak-da, Eýranyň esasy kanunyna görä diňe şaýy mezhebinden bolan prezidentlige dalaşgärlik edip bilýär.

Eýrandaky Türkmensähra sebitindäki türkmenler sünni mezhebinden bolansoň prezidentlik saýlawyna dalaşgärlik edip bilmeýärler. Ýöne oba we şäher mejlisleriniň wekilleriniň saýlawlaryna Türkmensähra türkmenleri gaty çynlakaý hem işjeň gatnaşýarlar. Sebäbi bu ýagdaý Türkmensähra türkmenleriniň ýagdaýyna gönümel täsir edýär.

Eýranda owalky hökümet ýaly we häzirki hökümet hem türkmenleriň ýaşaýan sebitlerine başga milletlerden gaty köp adam göçürip getirdi. Esasanam, Eýranda türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan şäherlerinde olaryň arasyna başga milletlerden gaty köp adam göçürip getirdiler. Şol sebäpdenem türkmenler sähel gowşak duran mahaly gelmişekler derrew olaryň ýerini alýarlar.

Eýranyň şeýle şertlerinde türkmenler güýçli bäsleşige girmäge mejbur bolýarlar. Şäher we şonuň ýaly-da oba ýerlerinde çözülmeli meselelerde mejlisler uly rol oýnaýar. Şeýle ýagdaýda türkmenler hem öz arasynda agzybirligi hasam güýçlendirmäge mejbur bolýarlar.

Bir topar ýerde geçirimlilik etmeli bolýarlar. Ýeri gelende özi bilen bäsdeşlik edýän türkmen agzalara egilşik etmeli bolýar. Ýöne bu ýagdaýlar türkmenleriň bilelikde iş alyp barmaklyk ýaly guramaçylyk ukyplaryny ösdürýär. Türkmenleriň agzybirligine gowy şert döredip, göz öňünde tutýan maksatlaryny hem başarýarlar. Meniň özüm aslynda şeýle ýagdaýa gaty begenýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmensährada türkmenler şu wagda çenli geçirilen şäher we oba mejlisleri saýlawlarynda nähili sepgitlere ýetdiler ýa-da üstünlik gazandylar? Siz bu ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz?

Ýusup Kör: Şu wagt esasy saýlaw şäher we oba mejlisleri üçin geçirilýän saýlawlar bolup durýar. Türkmenler şu wagta çenli öz aralarynda görkezen arkalaşygy hem raýdaşlyklary arkaly gowy peýda gördüler diýip pikir edýärin. Saýlawlarda başgalaryň garşysynda öz bähbitlerini goramagy başardylar diýip pikir edýärin.

Türkmensähra türkmenleri geljekde hem muny başarmaga mejburdyr. Ýöne gynansagam Eýranda türkmenlere gaty az wekil sany düşýär. Prezidentlik saýlawlarynda konserwatiwlere ýa-da reformaçylara goldaw bermeklik ýaly pikirlerde garaýyşlar tapawutlanyp bilýänem bolsa, oba we şäher mejlisleriniň saýlawlarynda aňsatlyk bilen bir pikire eýe bolýarlar.

Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.

Türkmensähradaky türkmenler. Eýran.


Azatlyk Radiosy: Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynda Türkmensähradaky türkmen köpçüligi konserwatiwleriňmi ýa-da reformaçylaryň tarapyny tutýar?

Ýusup Kör: Häzirki Yslam režimi Eýranda 34 ýyl bäri häkimiýet başynda. Geçen şeýle wagtyň içinde Eýranda türkmenler hem bir topar tejribe gazandylar. Türkmenler öz durmuşlarynyň dürli pursatlarynda konserwatiwlerden has köp reformaçylaryň Eýranda özlerine uly bähbit getirýändiklerine doly göz ýetirdiler.

Konserwatiwler Eýranda türkmenlere we olaryň haklaryna oňaýly çemeleşmeýärler. Konserwatiwler aýralykçy garaýyşa eýe. Gynansagam Eýranda häzir şeýle bir kyn ýagdaý bar. Konserwatiwler soňky ýedi-sekiz ýyl bäri häkimiýetde. Hökümet organlarynyň hemmesini diýen ýaly hem şol konserwatiwler eýeleýärler.

Türkmenler Eýranda reformaçylara ýakyn bolan mahaly has köpräk netije alyp bolýandygyna iş ýüzünde göz ýetirdiler. Ýöne Eýranda türkmenleriň arasynda hem beýleki tarapy, ýagny konserwatiwleriň tarapyny tutýanlar hem bar. Olaryň käbiri şahsy bähbitleri üçin çykyş edip, wezipeler hem eýeleýärler.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyza göra, Eýranda şaýy mezhebinden bolmaýanlara syýasy rol berilmeýän bolsa, onda konserwatiwleriň tarapyny tutýan türkmenlere mezhebini üýtgetmän halatynda hem ýol açylýarmy, ähmiýetli wezipeler berilýärmi ýa olar wezipe üçin mezhebini üýtgetmeli bolýarmy?


Ýusup Kör: Şu wagda çenli Eýrandaky Türkmensähra sebitinde bir türkmen şaýy bolupdyr diýip eşitmedim. Bu ýerde adamlaryň öz syýasy tutumy we toparlanyşmaklyk endigi bar. Her kim öz şahsy bähbidine görä toparlara bölünýär we öz toparyny goldaýar.

Türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinde wekil saýlamaklyk üçin gerek bolan adam sany şertli, beýleki halklaryň ýaşaýan ýerlerine görä iki esse köp talap edilýär. Şeýlelik-de, beýleki halklar iki wekil saýlaýarka, türkmenler diňe ýekeje wekil saýlamaga mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynda siziň pikiriňize görä kim üstülik gazanar we şol gazanan tarapyň Türkmensähra türkmenlerine nähili peýdasy bolar öýdýärsiňiz?

Ýusup Kör: Eýranyň häzirki häkimiýeti bütin dünýä bilen gapma-garşy bolup dur. Halkara kadalara kän boýun egmeýärler. Sebäbi olarda öz peýdalaryny görenoklar. Şonuň üçinem bir topar kynçylyklar döredip durlar. Umuman Eýranyň dünýä we goňşylary bilen tutumy şeýleräk. Şeýle ýagdaý hem türkmenleriň durmuşyna öz täsirini ýetirýär.

Eýranda şu wagt ykdysady ýagdaý gaty erbetleşdi. Hemme zatlaryň bahalary gaty gymmatlady. Sebäbi dünýä Eýrana garşy çäklendirmeler durmuşa geçirip dur. Gün-günden hem Eýrana garşy edilýän gysyşlar köpelýär. Bu sebäpden hem Eýranda häzir häkimiýetdäki konserwatiwler beýlekilere pursat berip hem duranok.

Umuman alynanda Eýranda şu meselelerde bir garaňkylyklar we gümürtik ýagdaýlar bar. Ony geljek biraz aýdyňlaşdyraýmasa, häzirki ýagdaýda Eýran barada anyk bir zat aýdar ýaly däl. Eýranda hökümet konserwatiwleriň elinde bolansoň şolaryň täsiri agdyklyk edýär. Dünýä bilen gatnaşan mahaly türkmenler hem ondan peýda görer diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG