Sepleriň elýeterliligi

Gazak biznesmeniniň aýaly Italiýadan çykaryldy


Gaçgak gazak biznesmeniniň aýaly we gyzy Italiýadan yzyna, Gazagystana deportasiýa edildi.

Muhtar Ablýazow gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi öz maşgala agzalaryny alyp gaçmakda aýyplady. Habarlarda Alma Şalabaýewanyň pasportynyň galp bolandygy üçin deportasiýa edilendigi aýdylýar.

Onuň aklawçysy “Roýters” habar gullugyna öz müşderisiniň düzüwli wizasynyň bolmandygyny aýtdy, emma Şalabaýewanyň yzyna, Gazagystana iberilmeginiň onuň janyna howp saljagyny öňe sürdi.

Ablýazow Gazagystandan 2009-njy ýylda, haçanda onuň banky BTA millileşdirilende we tölege ukypsyz diýlip jar edilende gaçdy.

Oňa 2011-nji ýylda Britaniýada gaçybatalga berildi. BTA Ablýazowy we onuň ýaranlaryny galplykda aýyplady.

6 milliard dollary bikanun ele geçirmekde aýyplanyndan soň, ol suduň 22 aý tussaglyk baradaky kararyny sylaman, Britaniýadan hem gaçmaly boldy.
XS
SM
MD
LG