Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgalanyň häkimi tussag edildi


Dagystanyň paýtagtynyň häkimi uly döwlet barlagçysynyň öldürilmegini gurnamakda güman edilip, tussag astyna alyndy.

Orsýetiň Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin şenbe güni häkim Saýd Amirowyň we ýene 10 adamyň adam öldürmek bilen ilteşikli tussag edilendigini aýtdy.

Ol Amirowyň soragy dowam etdirmek üçin Moskwa iberilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýerli habarlarda bu tussag etmeler üçin bronly maşynlaryň we dikuçarlaryň ulanylandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG