Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Zaýa arak 6 adamy öldürdi


Eýrandan gowşan habarlarda zäherli aragy içen alty adamyň ölendigi, 348 adamyň bolsa hassalandygy aýdylýar. Bu waka ýurduň günorta-gündogaryndaky Kerman welaýatynda bolupdyr.

Ýarym resmi ISNA habar gullugy saglyk resmisi Hamid Najmeddine salgylanyp, şenbe güni hassahananyň agyr hassalar bölümindäki üç adamyň ýagdaýynyň agyr bolandygyny ýazýar.

Najmeddin ölenleriň we hassalaryň köpüsiniň çarşenbe güni zaýalanan arak içen adamlar hasaplanýandygyny aýdýar.

Eýranda arak içmek gadagan we yslam kanunlary esasynda günä hasaplanýar. Emma Eýranyň gara bazarynda öýde ýasalan arak-şerap önümlerini arzan bahadan alyp bolýar.
XS
SM
MD
LG