Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskda ulag bombasy partladyldy


Damaskdaky polisiýa stansiýasynyň golaýynda partladylan ulag bombasy Siriýanyň 8 sany howpsuzlyk işgärini öldürdi.

Adam hukuklaryny goraýan siriýa obserwatoriýasy bu bombanyň ýekşenbe güni, Jubar etrabynda, režim güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda söweş barýan ýerde partlandygyny aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän toparyň tassyklamagyna görä, bu hüjüm yslam jeňçi topary bolan “Al-Nusra Front” tarapyndan amala aşyrylana meňzeýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu partlama barada habar bermedi. Şenbe güni Kusaýr şäheriniň töwereginde hem gazaply söweşleriň bolandygy aýdylýar.

Bu ýerde Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ygrarly güýçler Liwan serhediniň golaýyndaky şäheri gaýtadan ele geçirmäge synanýarlar.

BMG-niň Adatdan daşary kömek kordinatory we BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Kusaýrda ýaralanan bir ýarym müň adamyň bejergi üçin ewakuasiýa edilmeginiň zerurdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG