Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Mäliki mezhep liderleri bilen duşuşdy


Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki mezhep gapma-garşylyklarynyň möwjemeginiň öňüni almak üçin ýurduň dürli mezhepleriniň liderleri bilen duşuşdy.

Bagdatda şenbe güni geçirilen maslahat barada anyk bir zat aýdylmaýar.

Bu maslahat BMG-niň Yrakdaky zorluklarda maý aýynda müňden gowrak adamyň öldürilendigi baradaky habaryndan soň guraldy.

Şu hepde paýtagt Bagdadyň şaýy we sünni etraplarynda partladylan bombalar ýüze golaý adamy öldürdi.

Analitikler bu zorlugyň Yragyň şaýy ýolbaşçylygyndaky hökümeti bilen azlykdaky sünnüleriň arasyndaky dartgynlygyň ýokarlanmagynyň alamatydygyny aýdýarlar.

Sünnüler özleriniň kemsidilýändiklerini aýdýalar. Şu aralykda Yragyň goranmak ministrligi "Al-Kaýda" toparçagyny tussag edendigini, olaryň Yragyň howpsuzlyk güýçlerine hüjüm etmek üçin zäherli gazlary taýýarlamak bilen meşgul bolandygyny aýtdy.

Ministrlik bu gazlaryň Ýewropa we Birleşen Ştatlara hem iberilmekçi bolnandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG