Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Kawkaz: Mahaçgalanyň häkimi tussag edildi


Said Amirow

Said Amirow

Moskwa şäheriniň bir sudy Dagystanyň paýtagty Mahaçgalanyň häkimini iki aýlap deslapky tussaghanada saklamaly etdi.

Derňew komitetiniň ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda häkim Said Amirowa on gün içinde günä bildiriljegi aýdylýar.

Amirow şenbe güni tussag edildi we sorag etmek üçin dikuçarda Moskwa alnyp gelindi. Ol Derňew komitetiniň 2011-nji ýylyň dekabrynda Dagystanyň Kaspiýsk şäherinde öldürilen resmisi Arsen Gajybekowyň ölümi bilen ilteşiklilikde güman edilýär.

Şäher häkiminiň golasty işgärlerinden hem on adam, şol sanda Amirowyň ýegeni, Kaspiýskiniň häkiminiň orunbasary Ýusup Jafarow tussag astyna alyndy.

Mahaçgalanyň merkezinde bomba partladylan ýer, 20-nji maý, 2013.

Mahaçgalanyň merkezinde bomba partladylan ýer, 20-nji maý, 2013.

Amirow sud zalyndaky kapasanyň içinde oturan ýerinden şeýle diýdi:

"Näme üçin tussag edilenimi meniň özüm hem bilemok. Bu syýasy sebäpler esasynda galplaşdyrylan iş we onuň hiç bir geljegi ýok. Men öz eden her bir işime we aýdan sözüme jogap berip bilerin. Biz göreris, hemme zat wagtynda öz ornuna geler."

Amirowyň aklawçysy Mark Ruter suduň höküminden şikaýat etjekdigini aýtdy:

"Biziň Said Amirowyň tussag astyna alynmagyndan şikaýat etjegimize şek bolup bilmez. Sebäbi biz Said Amirow bu tussaglyk we derňew arkaly ölüm bilen dirilik arasyndaky uçuda itildi diýip bilýäris" diýip, ol aýtdy.

59 ýaşyndaky Amirow häkimlige ilkinji gezek 1998-nji ýylda saýlandy.

Ol ondan gowrak kast ediş synanyşygyndan aman gutuldy, ýöne 1993-nji ýylda edilen kast ediş synanyşygy ony ysmaz edip, maýyp arabasyna baglady.

Dagystan etniki taýdan garyşyk, aglaba ilaty musulmanlardan durýan we Çeçenistan bilen Kaspi deňziniň arasynda ýerleşýän regiondyr.

Jeňçileriň günorta Orsýetde yslam döwletini dörtemek üçin söweşýändiklerini aýtmaklary bilen, bu sebit Demirgazyk Kawkazdaky iň zorlukly welaýata öwrüldi.
XS
SM
MD
LG