Sepleriň elýeterliligi

Zardari prezidentlige dalaş etmejekdigini aýtdy


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari 11-nji maýda geçirilen saýlawlarda, onuň Pakistanyň Halk partiýasy şowsuz bolandan soň, prezidentlige ikinji möhlete dalaş etmejekdigini aýtdy.

Zardariniň prezidentlik möhleti sentýabr aýynda tamamlanýar. Zardari, ýekşenbe güni Pakistanyň telewideniýesine beren interwýusynda, prezidentlige ikinji möhlete dalaş etmäge özüniň “hakynyň” ýokdugyny aýtdy.

Pakistanyň 342 orunlyk mejlisinde, ýurduň täze premýer-ministri Nawaz Şarifiň Pakistanyň Musulman ligasy partiýasy 176 orun eýeledi. Muňa garamazdan, Pakistanyň Halk partiýasy bolsa 39 orna eýe boldy.

Pakistanyň prezidenti, ýurduň parlamentindäki iki partiýanyň hem agzalary tarapyndan saýlanýar we soňky görkezijilere görä, öňümizdäki prezidentlik saýlawlarynda Zardari üstünlik gazanmajaga meňzeýär.

Öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň adamsy Asif Ali Zardari 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda prezidentlige saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG