Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ýadro ýaragyny artdyrdy


Hytaý, Hindistan we Pakistan geçen ýylyň dowamynda özleriniň ýadro ýarag arsenalyny artdyrdylar.

Stokgolmyň Halkara Parahat derňewleri institutynyň ýekşenbe güni beren maglumatyna görä, 2012-nji ýylda Hytaýyň takmynan 240 sany ýadro ýaragyny daşap bilýän raketalary bolup, bu ýyl olaryň sany 250 bolupdyr.

Agzalýan guramanyň ýyllyk hasabatyna görä, Pakistanyň ýadro ýaragyny daşap bilýän raketalarynyň sany 100-den 120-ä, Hindistanyňky bolsa 90-dan 110-a çykypdyr.

Stokloglmyň Halkara Parahat derňewleri institutynyň berýän maglumatyna görä, diňe Orsýet bilen ABŞ özüniň ýadro ýaragyny daşap bilýän raketalarynyň sanyny azaldypdyr. Guramanyň berýän maglumatyna görä, Orsýetiň ýadro ýaragyny daşap bilýän raketalarynyň sany 10 müňden 8500-e, Birleşen Ştatlaryňky 8 müňden 7700-e düşüpdir.

Orsýet bilen ABŞ-da ýadro ýaraglaryny daşap bilýän raketalarynyň sanynyň kemelmegi, iki ýurduň arasyndaky bolan täze “START” ylalaşygy bilen baglydyr.
XS
SM
MD
LG