Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan mekdebiniň golaýynda bomba ýaryldy


Owganystanyň gündogaryndaky oglan mekdeperiniň biriniň daşynda janyndan geçen motorsikletçiniň eden bomba hüjüminde azyndan dokuz oglan we bir polisiýa ofiseri öldi.

Owganystanyň resmileriniň aýtmagyna görä, amala aşyrylan şol hüjümde ýoldan geçip barýan ABŞ-nyň harby konwoýy nyşana alynypdyr. Emma häzire çenli harbylar tarapyndan ýitgileriň bolup-bolmandygy bardada takyk maglumat ýok.

Amala aşyrylan bu bomba hüjümi duşenbe güni gündiz, oglan mekdebiniň golaýyndaky bazaryň daşynda, çagalar öýlän naharyny iýmek üçin daşary çykan wagty partaladylypdyr. Bu barada Owganystanyň resmileri habar berýär.

Maglumata görä, partlamada ondan gowrak çaga hem ýaralanypdyr. Häzirlikçe ýaralanan çagalaryň ýaşy barada takyk maglumat ýok.

Owganystanda NATO-nyň liderligindäki Halakara howpsuzlyk güýçleri häzirlikçe bu wakany tassyklamadylar.
XS
SM
MD
LG