Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohrabaher: ABŞ we Orsýet hyzmatdaşlygy ösdürmeli


ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň wekili Dana Rohrabaher, Moskwa, 2-nji iýun, 2013.
ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň wekili Dana Rohrabaher, Moskwa, 2-nji iýun, 2013.
Orsýete sapar eden ABŞ-nyň kanunçykaryjylary Bostondaky marafonda bolan bomba partlamalarynyň öňüni almak üçin amerikan agentleriniň zerur çäreleri görmändikleri barada öňe sürülýän çaklamalaryň tassyklanmandygyny aýdýarlar.

Amerikan resmileriniň bellemegine görä, ABŞ we Orsýet geljekde terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak üçin terrorçylyk howpuna garşy has ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barmaly. Bu barada ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň kaliforniýaly wekili Dana Rohrabaher ýekşenbe güni ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda žurnalistlere aýtdy.

Bostondaky partlama

Amerikan derňewçileri 15-nji aprelde Bostonda bolan we üç adamyň ölümine hem 260-dan gowrak adamyň ýaralanmagyna getiren bomba partlamalaryny Birleşen Ştatlara Orsýetden baran iki dogan, etnik çeçenler Sarnaýewleriň amala aşyrandygyny aýtdylar.

Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary doganlaryň ulusy Tamerlan Sarnaýewiň radikal yslamçy bolmagynyň ähtimaldygy barada amerikan kärdeşlerini 2011-nji ýylda habarly edipdir.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy Sarnaýew bilen Massaçusetsde interwýu geçirip, derňew işini ýapypdyr.

Sarnaýew 2012-nji ýylda Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony bolan Dagystana baryp gaýdypdyr.

Bostonda bolan bomba partlamalaryndan dört gün geçensoň, 26 ýaşly Tamerlan Sarnaýew polisiýa bilen ok atyşykda öldürilip, onuň 19 ýaşly inisi Johar ele salyndy.

Johar Sarnaýewiň Bostondaky bomba partlamasyna günäkärdigi tassyklansa, onuň ölüm jezasyna höküm edilmegi ähtimal. Sarnaýewleriň ejesi ogullaryna ýöňkelýän aýyplamalary, “galplyk” diýip atlandyrdy.

Bostondaky partlamalardan soň amerikan syýasatçylary howpsuzlyk gulluklaryny hüjümleriň öňüni almaga ukypsyzlykda aýyplap gelýärler.

Moskwadaky duşuşyklar

Şol bir wagtda-da Dana Rohrabaher Moskwada geçiren duşuşyklarynyň dowamynda amerikan agentleriň hüjümleriň öňüni almak üçin zerur çäre görmändiklerini tassyklaýan subutnamalary tapmandygyny belledi. Ol amerikan tarapynyň orsýetli kärdeşleri bilen düzgüne görä hyzmatdaşlyk etmäge çalşandyklaryny aýtdy.

Muňa garamazdan, Dana Rohrabaher amerikan-orsýet hyzmatdaşlygynyň derejesini “kabul ederlikli däl” diýip atandyrdy. Ol amerikan we orsýet taraplarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk edilen ýagdaýynda, ýagdaý başgaça bolup bilerdi diýip belledi.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň Kaliforniýadan bolan wekili Dana Rohrabaheriň sözlerine görä, amerikan delegasiýasynyň Orsýetde geçiren duşuşyklary, şol sanda Federal howpsuzlyk gullugynda bolan gepleşikleri Holliwudyň meşhur aktery Stiwen Sigalyň guramaçylygynda geçirilipdir.

Ýekşenbe güni amerikan ilçihanasynda geçirilen metbugat konferensiýasyna gatnaşan Stiwen Sigal mart aýynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşypdy. Şeýle-de, ol ýakynda Çeçenistana sapar etdi we Kreml tarapyndan goldanýan prezident Ramzan Kadyrow bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG