Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Meňiň goldawyna ýöriş geçdi


Gürjüstanyň paýtagty Tibiliside ýüzlerçe adam meňiň kanunlaşdyrylmagyny talap edip miting geçirdi.

Duşenbe güni Gürjüstanyň öňki parlament binasynyň öňünde geçirilen mitinglerdäki protestçileriň aglabasy ýaşlardan düzülendi.

Şol protestçileriň köpüsi hem ýaşyl maýka geýip, ellerinde “Temmäki çekýän adamlary tussag etmegi bes ediň” diýip ýazylan plakatlar bilen ýolbaşçylara çagyryş etdiler.

Protestçiler özleriniň meň çekmegi maslahat bermeýändiklerini, ýöne ony çekýän adamlaryň şahsy azatlygyny goldaýandyklaryny aýtdylar.

Gürjüstanyň zähmet, saglygy saklaýyş we sosial gorag ministri Deýwid Sergeýenko geçen hepde telewizorda eden çykyşynda, öz ministrliginiň Adalat ministrligi bilen meňiň kanunlaşdyrylmagynyň mümkindigi barada gepleşikleri geçirýändigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG