Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň wekili Merabişwilini gördi


Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasynyň wekili Krzysztof Lisek häzir tussaglykda saklanýan Gürjüstanyň ozalky premýer-ministri Iwane Merabişwilini baryp gördi.

Sişenbe güni deslapky tussaghanada geçen duşuşygyndan soň, Lisek Merabişwiliniň saklanýan kamerasynda telewizoryň ýokdugyny aýtdy. Ol munuň netijesinde Merabişwiliniň Gürjustanda bolýan soňky özgerişliklerden bihabar galýandygyny aýtdy.

Lisek Merabişwiliniň öz ýakynlary bilen dowamly duşuşdyrylmaýandygyna haýran galandygyny hem sözüne goşdy.

Prezident Mihaýil Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereket” partiýasynyň baş sekretary Merabişwili geçen aý tussag edilipdi. Oňa wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak, galplyk ýaly aýyplamalar ýöňkelýär.

Merabişwili aýyplamalaryň syýasy matlap bilen galplaşdyrylandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG