Sepleriň elýeterliligi

Almatyda HDG lideri tussag edildi


Almatyda hökümete degişli bolmadyk “Gazagystan musulmanlarynyň jemgyýeti” atly guramanyň ýolbaşçysy tussag edildi.

Myrat Telibekowyň aýaly Ýekaterina Çekanowa öz adamsynyň sişenbe güni tussaglyga alnandygyny aýdýar.

Telibekow we onuň egindeşleri sişenbe güni giçlik şäher häkimliginiň öňünde ýygnanyp, ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan sosial meselelerini maslahat etmekçi bolupdylar.

Çekanowanyň sözlerine laýyklykda, Telibekow polisiýanyň edarasynda sorag edilen mahaly, onuň aklawçysyna gatnaşmak rugsat berilmändir.

Almatynyň şäher polisiýasynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Telibekow bir ýaşaýjynyň şikaýaty esasynda tussag edilipdir. Telibekow şol adama “bikanun ýygnanşyk” diýlip atlandyrylan çärä gatnaşmaga çagyryş edipdir.
XS
SM
MD
LG