Sepleriň elýeterliligi

ABŞ maglumata $23 million berýär


ABŞ Günbatar Afrika ýurtlarynda hereket edýän yslamçy toparlaryň liderleri baradaky maglumatlar üçin 23 million dollara çenli pul baýraklaryny hödürleýär.

Nigeriýada hereket edýän “Boko Haram” toparynyň lideri Abubakar Şekau baradaky maglumata 7 million dollar hödürlenýär.

Şeýle-de pul baýraklary “Al-Kaýda”, “Bileleşik hereketi”, “Günbatar Afrikada jihad” we “Ýeke ganlylar bataliony” atly toparlaryň ýolbaşçylary baradaky maglumatlara berilýär.
XS
SM
MD
LG