Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Gyzyl haç wekillerini çykarýar


Gyzyl haç Halkara jemgyýeti Owganystanda iş alyp barýan käbir wekillerini yzyna çagyrmakçy bolýar. Mundan öň, bu jemgyýetiň Jalalabatdaky bazasyna hüjüm edilipdi.

Gyzyl haç Halkara jemgyýetiniň Kabuldaky metbugat wekili Robin Waudo anyk näçe adamyň gitjekdigi barada maglumat bermedi. Waudonyň “Reuters” habar agentligine aýtmagyna görä, munuň netijesinde jemgyýetiň alyp barýan käbir gumanitar operasiýalary hem togtadylar.

29-njy maýda Jalalabatdaky baza janyndan geçen iki söweşijiniň eden hüjüminde bir owgan esgeri ölüp, başga-da üç adam ýaralanypdy. Bu Owganystanda Gyzyl haç jemgyýetine edilen ilkinji hüjüm boldy.

“Talyban” hereketi hüjüme hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

Gyzyl haç jemgyýeti Owganystanda 1987-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG