Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýa boýunça hasabat ýaýratdy


BMG-niň derňewçileri Siriýada az mukdarda himiki ýaragyň ulanan bolmagynyň mümkindigini aýtmaga “esaslaryň” bardygyny belleýärler.

Emma BMG-niň derňewçileri sişenbe güni ýaýradan hasabatynda anyk haýsy himiki maddalaryň we olaryň kim tarapyndan ulanandygyny anyklamak üçin, goşmaça barlaglaryň geçirilmelidigini nygtaýarlar.

20 adamdan ybarat derňewçileriň topary Siriýada mart we aprel aýlarynda himiki ýaragyň ulanan bolmagynyň mümkindigi barada iş alyp barýarlar.

Hasabat şaýatlar, keselhana işgärleri, ejir çekenler bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda taýýarlandy. Hasabat iki tarapy hem jenaýat etmekde aýyplaýar. Hasabatda “Siriýada her gün diýen ýaly uruş we adamzada garşy jenaýatlar amala aşyrylýar” diýlip nygtalýar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada iki ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän graždanlyk urşunda 80 müň töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG