Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki protestleri näme öjükdirýär?


Stambul şäheriniň Taksim meýdanynda howpsuzlyk güýçleri protestçileriň garşysyna göz ýaşardyjy gazlary we ajy sepiji serişdeleri ulanýarlar. 28-nji maý, 2013 ý.
Stambul şäheriniň Taksim meýdanynda howpsuzlyk güýçleri protestçileriň garşysyna göz ýaşardyjy gazlary we ajy sepiji serişdeleri ulanýarlar. 28-nji maý, 2013 ý.
Daşyndan seretseň, soňky günlerde Stambuly lerzana getiren protestler hökümetiň şäherdäki ownuk parklaryň birini tekizläp, onuň deregine söwda merkezini gurmagy meýilleşdirmegine garşylyk hökmünde başlanan ýaly bolup görünýär. Aslynda welin, meseläniň özeni: has ýiti dartgynlylyklary köredýän – yzygiderli zulumda we mejburylykda.
Köpsanly analitikler hadysa premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan 2002-nji ýylda hökümet başyna geçeli bäri amala aşyrylan iň aýylganç çaknyşyk hökmünde garaýarlar.
Gürrüň häkimiýet başyndaky Erdoganyň Türkiýä modern, şol bir wagtda-da konserwatiw musulman ýurt hökmünde garamagynyň awtoritarizm hökmünde kabul edilmegi barada barýar. Premýer-ministriň has liberal ýöne bölünen oppozisiýanyň garaýyşdyr-pikirlerini kän hasaba almaýşyna-da şeýle garalýar.
Stambulda iňlis dilinde çap edilýän “Hurriyet Daily News” gazetiniň pikir we garaýyşlar sahypasynyň redaktory Barçyn Ýinanç protestçileriň seslenmelerini Erdogana şeýle ýetirýär: “Olar ‘Sen bu ýurdy soňky saýlawlarda saňa ses beren saýlawçylaryň 50 göteriminiň garaýyşlaryna laýyklykda dolandyrmaly dälsiň. Beýleki bir tarapda başga ýörelgeleri bolan halkyň ýene 50 göterimi bar. Sen olaryňam garaýyşlaryna hormat goýmaly’ diýýärler”.
Onuň bellemegine görä, protestçiler Erdogany we ýurdy dolandyrýan ”Adalat we Ösüş” (AK) partiýasyny resmi taýdan respublikan gurluşly Türkiýede öz yslamçy ýörelgelerini ornaşdyrmagyň küýüne düşen diýip hasaplaýarlar.
“Gün geçdigiçe premýer-ministriň sözleri has konserwatiw äheňe eýe bolup barýar. Mysal üçin, soňky spirtli içgiler baradaky düzgünnamada ol hökümetiň bu kanuny diniň emir edenligi üçin işläp düzendigini aýdýar. Respublikan gurluşa eýe bolan döwletlerde siz haýsydyr bir kanuny diniň emirine görä işläp düzüp bilmersiňiz. Siz kanunlardyr düzgünnamalary olaryň rasionallygyna seredip durmuşa geçirersiňiz. Şonuň üçinem şeýle ýüzlenmeler Türkiýe respublikasynda aladalanmalar döredýär. Respublikan döwlet gurluşynyň ýöredilişi aladalanmalary döredýär.”
Kanagatlandyrmaýan kanunlar
Geçen aý Türkiýäniň Mejlisi spirtli içgileri satmak barada howul-hara kanunçylygy işläp düzdi. Eger-de bu kanuna prezident gol çekse, agşam sagat 10-dan irden sagat 6-a çenli spirtli içgi satýan dükanlarda we mekdepleriň hem-de metjitleriň 100 metr golaýyndaky barlarda spirtli içgileri satmak gadagan ediler.

Türkiýäniň premýer ministri Taýip Erdogan we onuň orunbasarlary Bülent Arinç (çepde) we Bekir Bozdag (sagda). Stambul 3-nji iýun, 2013-nji ý.
Türkiýäniň premýer ministri Taýip Erdogan we onuň orunbasarlary Bülent Arinç (çepde) we Bekir Bozdag (sagda). Stambul 3-nji iýun, 2013-nji ý.
Şeýle-de, Erdogan soňky aýlarda aýallaryň abort etdirmekleriniň öňüniň alynmagy barada çykyşlar etdi. Köp çagaly maşgalalary höweslendirip, çagany tebigy taýdan dünýä indermekligiň gadyr-gymmaty barada gürrüňler etdi.
Şol bir wagtyň özünde Erdoganyň hökümetiniň žurnalistleri, harbylary we kürtleri öz içine alýan garşydaşlaryna gödek basyşlar etmegi hem-de gowşan oppozisiýany has-da göwşülletmegi tankyt edilýär. Şularyň hemmesi respublikançylary kyn ýagdaýa saldy. ”Adalat we Ösüş” (AK) partiýasy yzly-yzyna üç sapar Mejlise saýlandy.
Stambulda, Ankarada we Izmirde, iki tarapyň arasyndaky gopgunly hasaplaşyk häsiýetine eýe bolan çaknyşyklar gyzyşdygyça, taraplaryň arasyndaky dartgynlylyk has artýar.
Protestçilere “az sanly talaňçylar” diýip kakdyran Erdogan olara “eger siz 100.000 adam ýygnasaňyz, men öz partiýamdan 1 million adam getirerin” diýip ýüzlendi.
Amnesty International guramasyny hem öz içine alýan hukuk goraýjy guramalar şenbe güni, iýun aýynyň 1-de, polisiýa güýçleriniň protestçileriň garşysyna göz ýaşardyjy gazlary we ajy sepiji serişdeleri artykmaç köp ulanmaklaryny ýazgardy we ýagdaýy “masgaraçylyk” diýip häsiýetlendirdi.

Problemanyň beýleki tarapy
Çaknyşyklaryň tutaşmagy 1990-njy ýyllaryň ortlaryndan bäri yzygiderli ykdysady ösüşlere eýe bolan we bu günki gün pajarlap ösüp, dünýä sahnasynda sözi diňlenýän Türkiýäniň abraýyna zeper ýetirdi. Türkiýe ozalky onýyllyklarda beýle ösüşlere eýe bolmandy.
Ýöne Londondaky Ykdysadyýet we Syýasat mekdebiniň Türkiýe boýunça hünärmeni Jeýms Ker-Lindseýiň aýtmagyna görä, Türkiýäniň geçiş döwründe Erdoganyň görkezen güýçli baştutanlyk stili häzirki günde onuň garşydaşlarynda oňa bolan gorkyny güýçlendirýän bolmagy mümkin.
“30 ýaşdan, has takygy 32, 33 ýaşdan kiçiler, belki-de, 90-njy ýyllaryň ortalarynda Türkiýäniň näderejede bulaşyk hem akan-dökänlikdigini göz öňüne-de getirip bilýän däldirler. Şoň üçinem şeýle durnuklylygy ornaşdyran Erdoganyň baştutanlyk ukyby häzir onuň öz başyna bela bolup barýar.”
Türkiýäniň özboluşly kimligi nähili bolmaly we onda diniň orny nirede bolmaly diýen meseleler boýunça respubliklaçylar häzir yslamçylar bilen erk ugrunda agyr synaga duçar bolýarlar. Ýöne geçmişde şeýle wakalarda işjeň rol oýnan bir aktýoryň sahnada ýoklugy aýdyň görünýär. Ol hem harbylar.
Ker-Lindseý: “Generallaryň suduň öňünde dikilip, olaryň ähtimallyk derejesindäki ýöňkelen günäler boýunça jogap berýändiklerini hasaba almanymyzda, bu günki ýagdaýlar kän bir üýtgeşik meseleler däl. Ozallar şeýle döwürlerem bolupdy, ýagny haçan-da Erdogan edilmeli işler, görülmeli çäreler barada dil ýaranda, içerik kürsäp girip ‘Ýok, garaş, sen ony etmersiň” diýýän harbylaryň döwrem bolupdy. Indi olar ýaly zatlar ýok.”
Bu hem protestçileriň polisiýa işgärleri bilen garpyşýan söweşinde öz başlaryna iş düşýändigini görkezýär. Ýagny, gapdaldan biriniň gelip, ýagdaýa göz-gulak bolmak mümkinçiligi indi örän az.
Häzirlikçe, iki tarapyň syýasy liderleriniňem öz tarapdarlaryny köçä küşgürmeýändikleri üçin, dawa-jenjelli zulum köşeşer diýip umyt edäýmek galýar.
Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül duşenbe güni halky asudalyga çagyrdy we protestçileriň “derwaýys belliklerini” özüniň belläp alandygyny aýtdy. Ol bikanun toparlaryň protestlere gatnaşmagyna rugsat berilmeli däldir diýip belledi.
XS
SM
MD
LG