Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-ly esger günäsini boýun almakçy


16 owganystanlyny öldürmekde aýyplanýan amerikaly esgeriň, ölüm jezasy bilen jezalandyrylmadyk ýagdaýynda öz günäsini boýun almagyna garaşylýar.

Bu barada harby seržant Robert Balesiň, çarşenbe güni Waşingtondaky Joint Base Lewis-McChord harby suduna çykmazdan ozal haýyş etmegine garaşylýar.

39 ýaşly Balese, geçen ýylyň mart aýynda Owganystanyň günortasynda 16 adamy öldürmekde aýyplama bildirilipdi. Bales şol ölenleriň altysyny öldürmäge synanyşmakda, beýleki ýedisini bolsa gyrmakda aýyplanýar.

Şol wakada ýogalan hem-de ýaralanan 22 adamdan 17-si çagalar hem-de aýallardy.
Geçen hepde Balesiň aklawçysy, eger-de prokurorlar ölüm jezasyny ýatyran halatynda müşderisiniň öz günäsini boýun aljakdygy barada harbylar bilen ylalaşyga gelendigini mälim edipdi.

Wakada pida bolanlaryň maşgalalarynyň käbiri Balesiň öldürilmegini talap edipdiler.
XS
SM
MD
LG