Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: ABŞ tussag etmeleri ýazgarýar


ABŞ, Müsürde demokratiýa ugrunda iş alyp barýan 43 adamyň, şol sanda 16 amerikalynyň höküm edilip, türme tussaglygy bilen jezalandyrylmagyny ýazgardy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri, şol adamlaryň tussag edilmeginiň “syýasy maksatlydygyny” we onuň “demokratiýa geçiş döwrüne gabat gelmeýändigini” aýtdy.
Şol höküm edilenler amerikalylardan, ýewropalylardan, müsürlilerden we beýleki araplardan ybaratdyr.
Gaýybana sud edilen 27 tussag bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Olaryň 15-si amerikanyň raýatydyr. Beýleki amerikalylar bolsa iki ýyl türme tussagyna höküm edilipdir. Ýöne maglumatlara görä, häzirki wagtda olar Müsüri terk edipdirler.
Tussag edilenler barada 2011-nji ýylda Müsürde döwlete degişli bolmadyk daşary ýurtly guramalaryň ofislerine amala aşyrylan ençeme hüjümden soň, sud işi gozgalypdy. Şol guramalar daşary ýurt maliýe serişdelerini Müsürde durnuksyzlygy döretmek üçin ulanmakda aýyplandy.
XS
SM
MD
LG