Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň režimi Kuseýri aldy


Siriýanyň hökümeti strategiki wajyp hasaplanýan Kuseýr şäheriniň gözegçiligini öz eline geçirdi. Bu barada Siriýanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Kuseýr şäheri Siriýanyň Liwan bilen serhetinde ýerleşip, ol ýerde soňky üç hepdäniň dowamynda hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasynda çaknyşyklar dowam edýärdi.

Siriýanyň telewideniýesiniň çarşenbe güni beren maglumatynda “Siriýanyň harbylary Homs welaýatyndaky Kuseýr regionynda köp terroristleri ele geçirip, beýlekilerini hem tussag edenden soň, ol ýeriň kontrollygyny doly ele aldy” diýip aýdylýar.

Siriýanyň režimi söweşijileri “terrorist” diýip häsiýetlendirýär. Geçen aý, Eýran tarapdary liwanly “Hizbullah” şaýy söweşiji topary Kuseýrdäki uruşda öz söweşijileriniň Siriýanyň hökümet güýçleriniň tarapynda uruşjakdygyny yglan edipdi.

Kuseýr şäheri söweşijiler üçin möhüm rol oýnaýardy. Kuseýr şäheri Liwandan ýarag we söweşiji geçirmek üçin esasy ýollaryň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG