Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Sekiz adam tussag edildi


Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau şäherinde sekiz adam terror ilteşikli aýyplamalar bilen tussag edildi. Olaryň ýedisi çarşenbe güni 18 bilen 23 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.
Tussaglar terrorizm, adam alyp gaçmak, öldürmek, maşyn we beýleki zatlary ogurlamak, ýaraglary bikanun saklamak we ýaýratmakda aýyplanyp tussag edildi.
Tussag edilenleriň sekizinjisi toparyň barlygyny polisiýa habar bermezlikde günäli tapyldy. Ol bir ýyl soňa goýlan türme tussaglygyna höküm edildi. Şübheliler barada sud işi geçen aý başlapdy. Olar Atyrau şäherinde dekabr bilen ýanwar aýlary aralygynda tussag edilipdi.
Sudýa Gülnar Kženowanyň aýtmagyna görä, topar Siriýa gidip, şol ýerde režimiň garşysyndaky güýçler bilen birlikde uruşmagy planlaşdyrýardy.
Soňky aýlarda Gazagystanyň yslamçy radikallary nyşana alýan regionlardaky howpsuzlyk operasiýalaryndan soň, ýurduň günbataryndaky şäherlerde we etraplarda gözegçilik artdyryldy.
XS
SM
MD
LG