Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kumtoryň ykbaly gaýtadan çözülmeli


Gyrgyzystanyň parlamenti, ýurduň iň uly altyn gory hasaplanýan Kumtor bilen Kanadanyň "Centerra Gold" kompaniýasy arasynda 2009-njy ýylda baglaşylan maliýe ylalaşygyny täzeden gözden geçirilmegi üçin hökümete ýene-de dört aý wagt berdi.

Bu rezolýusiýa sişenbe güni kabul edildi. Bu proses Gyrgyzystanyň wise-premýeri Jomart Otorbaýew parlamentden, hökümetiň maliýe we hukuk geňeşçileri bilen gepleşikleri geçirmek üçin has köpräk wagt bermegi sorandan soň ýola goýuldy.

Mundan ozal, fewral aýynda Gyrgyzystanyň parlamenti Kumtor altyn gory barada Kanadanyň kompaniýasy bilen baglaşylan maliýe ylalaşygy hökümetiň iýun aýyna çenli täzeden gözden geçirmegini tabşyrypdy.

2009-njy ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, kanadaly kompaniýa ýurda az salgyt töleýär. Gyrgyzystanyň resmileriniň aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda baglaşylan şol ylalaşyk ýurduň býujetini millionlarça dollar girdejiden mahrum edýär.

Düýbi Torontoda ýerleşýän "Centerra Gold" kompaniýasy 1997-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň Kumtor altyn goryny dolandyrýar. Kanadaly kompaniýa, Kumtor altyn gory bilen baglanyşykly geçiriljek gepleşiklerde “hereket edýän hukuk borçlarynyň” göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG