Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekaterinburg: Orsýet-ÝB sammiti geçdi


Herman wan Rompui (çepde), W.Putin (ortada), Žose Manuel Barroso(sagda), Ýekaterinburg, 4-nji iýun, 2013.
Herman wan Rompui (çepde), W.Putin (ortada), Žose Manuel Barroso(sagda), Ýekaterinburg, 4-nji iýun, 2013.
Prezident Wladimir Putin Orsýetiň Siriýa S-300 kysymly uçar raketalaryndan goranyş sistemasyny entek ibermändigini aýtdy.

Putin bu barada sişenbe güni Ural regionynyň Ýekaterinburg şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen sammitden soň geçirilen bilelilkdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“S-300, uçar raketalaryndan goranmak üçin dünýä boýunça, şübhesiz, iň gowy sistemalaryň biridir. Belki-de, ol iň gowusydyr. Elbetde, bu örän güýçli ýarag. Biz regionda balansy gowşatmak islemeýäris. Siriýa bilen şertnama ençeme ýyl mundan ozal baglaşylypdy. Ol henize çenli ýerine ýetirilmedi” diýip, Putin aýtdy.

Ýarag söwdasy

Geçen hepdede Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad raketadan goranyş sistemanyň Siriýanyň goşunlaryna eýýäm gelip gowuşandygyny çak etdi. Munuň yz ýany günbatar ýurtlary S-300 kysymly sistemanyň Siriýa berilmegine degişli planlary tankytlamagy güýçlendirdiler.

Putin Orsýetiň Assadyň režimi bilen alyp barýan ýarag söwdasyny gorap çykyş etdi. Putin bu söwdanyň halkara kanunlaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Putin Ýewropa Bileleşiginiň siriýanyň gozgalaňçylaryna ýarag satmak gadagançylygyny ýatyrmak kararyny tankytlady. Orsýetiň prezidenti Siriýadaky konflikte halkara derejesinde goşulyşmazlyga çagyrdy. Putin Siriýada iki ýyl bäri dowam edýän we 80 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolan bu konflikti daşyndan goşulyp, çözüp bolmajagyny belledi.

Wladimir Putinyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň prezidenti Herman wan Rompui we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žose Manuel Barroso bilen geçiren gepleşikleriniň esasy temasy Siriýadaky krizis bilen bagly boldy, emma gepleşiklerde Orsýetiň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary hem maslahat edildi.

Adam hukuklary

Sişenbe günki metbugat konferensiýasynda Putin Orsýetde gomoseksual azlyklaryň kemsidilýändigi baradaky maglumatlary ret etdi. Şol bir wagtda-da ol orsýetli çagalaryň daşary ýurtly bir jynsly maşgalalar tarapyndan ogullyk alynmagyna garşy kanuny özüniň goldamakçydygyny mälim etdi: “Orsýetli çagalary bir jynsly maşgalalaryň ogullyk almagynyň kanuny taraplary barada aýdylanda, men şeýle kanuny entek görmedim. Emma eger şeýle kanun parlamentden geçse, men oňa gol çekerin”.

Sişenbe günki sammitiň öňüsyrasynda Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Orsýet bilen gepleşiklerinde ýurduň adam hukuklary boýunça ýagdaýy barada aladalanma bildirjekdiklerini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG