Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-Owgan-Täjik demirýolunyň düýbi tutuldy


Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň göz öňünde tutulýan proýekti

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň göz öňünde tutulýan proýekti

Lebap welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina uçastogynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi.

Çarşene güni Atamyrat şäherinde (öňki ady Kerki) geçen çärä türkmen lideri bilen birlikde demirýol ulgamynyň geçjek beýleki döwletleriniň ýolbaşçylary-da, ýagny Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon dagylar gatnaşdylar.

Gürrüňi gidýän demirýoly geçirmek baradaky ylalaşyga şu ýylyň 20-nji martynda geçirilen – türkmen, owgan, täjik – üç taraplaýyn gepleşikleriň dowamynda gelnipdi. Aşgabatdaky geçen şol duşuşyklaryň netijesinde gurulmaly täze demirýol ulgamy barada özara düşünişmek Ähtnamasy baglaşyldy.

Mundan öň, 2011-nji ýylyň maýynda, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň Türkmenistana sapary mahalynda bu ugur boýunça ikitaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga-da gol çekilipdi.

Taslama

Taslama boýunça, täze demirýol ulgamy Lebap welaýatyndaky Atamyrat şäherinden başlanyp, takmynan 85 km. aralykdaky Ymamnazar şäherçesine geler. Demirýoluň bu böleginiň gurluşygy Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi tarapyndan amala aşyrylar.

Ymamnazardan soň polat ýol Owganystana, 38 km. çemesi uzaklykdaky Akina şäherine çenli uzalar. Mundan soňra demirýol ulgamynyň Owganystanyň Gunduz welaýatyndaky Şirkhan duralgasynyň üsti bilen Täjigistana baglanjakdygy habar berilýär.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektine Yslam ösüş bankynyň hem gatnaşmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Polat ýoluň düýbüni tutuş dabarasynda üç ýurduň prezidentleri, geljekki nesillere hat galdyryp, ony ýörite gapyrjakda ýere gömdüler.

Şeýle-de goňşy ýurtlaryň liderleri, türkmen prezidenti bilen bilelikde, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Garlyk posýologynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG