Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: Demirýollary düzetmäge mümkinçilik bar


Demirýoly çekilýär
Demirýoly çekilýär
Çarşenbe güni Lebap welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina uçastogynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň prezidentleri hem gatnaşdylar.

Şeýle-de geçen aý “Demirgazyk-Günorta”, ýagny “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demirýolunyň hem türkmen-gazak bölegi açylypdy.

Eýsem, Türkmenistanyň demirýol ulgamy göz öňünde tutulýan halkara demirýollarynyň talabyny ödäp bilermi?

Azatlyk Radiosy bu barada syýasy aktiwist, transport pudagynda ýokary derejeli weziperlerde işlän Nurberdi Nurmämmedow bilen ýörite söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG