Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Protestçiler öz ýeňşini dabaralandyrýar


Stambuldaky protestler dowam etdirilýär. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Glen Kates wakalaryň geçýän ýerinden habar berýär.

Hökümet baştutanynyň orunbasary Bulent Arinkiň 4-nji iýunda çykyş edip, kanuny goraýjylar tarapyndan berk çäreleriň görlendigi üçin ötünç sorandygyna garamazdan, Stambuldaky demonstrantlar yza çekiljege meňzemeýärler.

Taksim meýdançasynda ýygnanyşan demonstrantlar türk resmisiniň bu çykyşyndan soň hasam dogumlandylar. Olar öz şatlygynyň gapma-garşylyklaryň soňy hökmünde kabul edilmeli däldigini duýdurdylar.

"Demokratiýa garşy hereketler"

Protestçileriň gahar-gazaby premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogana garşy gönükdirilýär. Erdogan protestleri ret edip, olary “ekstremistik elemenleriň” goldamagynda amala aşyrylýan demokratiýa garşy hereketler diýip atlandyrypdy.

Söwda ugrunda işleýän 27 ýaşly Bora Gylyç Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy. Onuň pikirine görä, hökümet özüniň çydamlylygyny görkezmek isleýän hem bolsa, iş ýüzünde çydamly bolup bilmeýär. Galyberse-de, hökümetiň diňe ötünç soramagy protestçiler üçin ýeterlik däl.

Protestçileriň aglaba bölegini 19 we 30 ýaş aralygyndaky ýaşlar emele getirýärler. Olardan biri bolan Gylyç Erdoganyň ýöredýän berk syýastynyň we raýatlaryň azatlyklaryny çäklendirýän hereketleriniň protestlere sebäp bolýandygyny aýdýar.

Ýene çaknyşyk bolar öýdülýär

Demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklar geçen gije Taksim meýdançasynyň golaýyndaky birnäçe ýerde ýüze çykypdy. Olaryň şu gije ýene-de ýüze çykjakdygy çak edilýär.

Golaýda ýerleşýän Inonu köçesinde protestçiler tagtadan, demir böleklerinden we duş gelen zatlardan barrikada gurmak bilen başagaý bolýarlar.
Türk artisti Taksim skwerinde protestçilere raýdaşlyk görkezýär, Stambul, 5-nji iýun, 2013.

Türk artisti Taksim skwerinde protestçilere raýdaşlyk görkezýär, Stambul, 5-nji iýun, 2013.


Bu ýere üýşen demonstrantlar taýýarlykly görünýärler. Olaryň käbirlerinde hasadan edilen maskalar, käbirlerinde bolsa göz ýaşardyjy gazdan goraýjy maskalar bar.

Geçen gije protestçilere gysyş görkezen polisiýa öz hüjümlerini bes edende, uly bir ýeňiş gazanan ýaly, protestçiler öz şatlygyny bildiripdi.

Gorky we borç

Gözüne gan inen we gara dere batan Reha Ýundus hüjümiň astyna düşendigini, emma göz ýaşardyjy gazdan nädip goranmalydygyny we polisiýanyň hüjümine garşy durmagyň usullaryny bilýändigini gürrüň berdi.

20 ýaşly Mert ýurduň daşynda okaýar. Ol Torontonyň uniwersitetiniň studenti. Mert polisiýanyň rehimsizligi barada sosial ulgamlarda berlen maglumatlaryň özüni gorkuzandygyny boýun aldy, emma ol şonda-da protestleriň geçýän ýerine gelmäge özüni borçly hasap edendigini gürrüň berdi:

“Dogrusyny aýtsam, men munuň soňunyň nämä barjagyny bilmýärin, emma bir zatlar bolmalydyr. Bu öwrülişikli bir pursatdyr. Biz gul bolup galmalymy ýa-da ýok” diýip, Mert öz pikirini mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG