Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Jeksonyň gyzy keselhanada


Aýdym-saz äleminiň ýyldyzy Maýkl Jeksonyň 15 ýaşly gyzy özüni öldürmäge synanyşandan soň, ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki keselhana ýerleşdirildi.

Çarşenbe güni ýüze çykan bu wakadan soň, Jeksonlaryň maşgalasy Paris Jeksonyň “fiziki taýdan gowudygyny we gerekli lukmançylyk bejergilerini alýandygyny” mälim etdi.

Maýkl Jeksonyň ejesi Katriniň ýaýradan beýanatynda, özleriniň şahsy durmuşyna hormat goýulmagyny isleýändigini aýdýar.

ABŞ-nyň polisiýasy we ýangyn söndüriji gullygyň resmileri Paris Jeksonyň ýaşaýan ýeri Los-Anjelesiň golaýyndaky Kalabasasdaky öýden bir şahsyň keselhana äkidilendigini tassykladylar.

“King of Pop”, ýagny “Estrada aýdym-sazynyň şasy” diýlip atlandyrylýan Maýkl Jekson 2009-njy ýylda 50 ýaşynda aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG