Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-ly esger günäsini boýun aldy


ABŞ-nyň harby sudy, harby seržant Robert Balesiň geçen ýylyň mart aýynda 16 owganystanlyny bilkastlaýyn öldürendigi barada günäsini öz boýnuna almagyny kabul etdi.

Ylalaşygyň tassyklanmagy, geçen ýylyň mart aýynda Balesiň Owganystanyň günortasynda amala aşyran gyrgynçylygy sebäpli mundan beýläk ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolmajakdygyny aňladýar.

Sud Balesiň iň ýokary jeza bilen jezalandyrylmalymy ýa-da däldigi baradaky karara awgust aýynda gelmegi planlaşdyrýar. Balesiň iň ýokary jeza bilen jezalandyrylmagy, bu onuň şertli tussaglykdan boşadylmaksyz ömür boýy türme tussaglygyna höküm edilmelidigini aňladýar.

Waşingtonyň demirgazyk-günbataryndaky Joint Base Lewis-McChord suduna adamlary näme üçin öldürendigi baradaky soraga, “onuň bu dünýäde gowy sebäbi ýok” diýip jogap berdi.
XS
SM
MD
LG