Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýrandan Siriýany terk etmegi talap edýär


ABŞ liwanly şaýy “Hizbullah” toparyndan we Eýrandan “söweşijilerini Siriýadan derhal çykarmaklaryny” talap etdi.

Şeýle-de, ýazylan bu beýanatda, Ak tam Siriýanyň serhetinde ýerleşýän Kuseýr şäherindäki söweşijilere edilen hüjümi “bolup biläýjek iň güýçli görnüşde” ýazgardy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Kuseýr şäherinde bolan şol çaknyşyklarda “sansyz raýat öldürilip, köp adamlaryň horluk çekmegine sebäp boldy”.

Şeýle-de, beýanatda, Siriýanyň öz harby güýçleri bilen söweşijileri Kuseýirden çykaryp bilmändigi, olary çykarmak üçin “Hizbullaha” we Eýrana bil baglandygy nygtalýar.

Mundan ozal, Arap ligasy hem Hizbullahyň Siriýanyň içerki işlerine harby taýdan goşulmagyny ýazgarypdy.

Çarşenbe güni Siriýanyň režimi söweşijiler bilen Kuseyrde birnäçe hepdeden bäri dowam eden uruşdan soň, şäheriň gözegçiligini ele alandyklaryny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG