Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarif Owganystana sapar eder


Pakistanyň täze premýer-ministri Nawaz Şarif goňşy Owganystana sapar eder.

Şarifiň metbugat wekiliniň ýaýradan beýanatynda, penşenbe güni premýer-ministr Nawaz Şarifiň Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen telefon arkaly gepleşendigi aýdylýar.

Beýanatda bellenmegine görä, telefon arkaly geçirilen gepleşigiň dowamynda prezident Karzaý premýer-ministr Şarifi täze wezipesi bilen gutlap, ony Kabula çagyrypdyr.

Şarif çarşenbe güni üçünji gezek premýer-ministr wezipesine başlapdy. 11-nji maýda geçirilen saýlawlardan soň, Şarifiň partiýasy Pakistanyň parlamentindäki orunlaryň aglabasyna eýe bolupdy.

Mundan öň Karzaý, Yslamabady Owganystanda hüjümleri amala aşyrýan söweşijileri goldamakda birnäçe gezek aýyplapdy.

Kabul bilen Yslamabadyň arasyndaky dartgynlylyk, geçen aý iki ýurduň arasyndaky jedelli gümrük postunyň dawasy bilen baglanyşykly Pakistan bilen Owganystanyň esgerleriniň arasynda bolan çaknyşykdan soň has hem möwjedi. Şol çaknyşyklarda bir owgan polisiýa işgäri öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG