Sepleriň elýeterliligi

Ragozin: Ors raketasy goragy böwser


Orsýetiň premýer ministriniň orunbasary Dmitriý Ragozin Birleşen Ştatlaryň planlaşdyrylýan gaketa gorag sistemasy Orsýetiň iň täze interkontinental raketalaryny saklap bilmez diýýär.

Ragozin anna güni Moskwada beren leksiýasynda Orsýet öz hereket azatlygyny goramak we ýurduň islendik agressiýa garşy durmak mümkinçiligini berkitmek üçin öz ýaraglaryny kämilleşdirmegi dowam eder diýdi.

Ol Moskwanyň islendik raketa gorag sistemasyny böwsüp biljek ýaraglary döretjegini aýtdy. Ragozin täze interkontinental ballistik raketanyň prototipiniň penşenbe güni Astrahan sebitinde şowly synag edilendigini aýtdy.

Ragozin sosial ulgamlary hem Orsýete garşy kiber urşunyň bir elementi diýip atlandyrdy. Ol bu ulgamlaryň jemgyýetçilik pikirine täsir etmek we hökümet ygtyýarlygyny ysgyndan düşürmek üçin ulanylýandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de ol kiber urşunyň NATO üçin hem harby howpa aýlanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG