Sepleriň elýeterliligi

Phenýan Seul bilen gepleşmekçi


Demirgazyk Koreýa basdaşy Günorta Koreýa özüniň serhet şäheri Kaýesoňda, ýekşenbe güni bir gepleşik geçirmegi teklip etdi.

Phenýan tarapyndan çap edilen beýanatda ýene bir zat, anna güni Gyzyl haç aragatnaşyk liniýasynyň hem gaýtadan açyljakdygy aýdylýar.

Demirgazyk Koreýa bu liniýany mart aýynda, dartgynlyklar ýokary galanda kesipdi.

Bu iki ýurt penşenbe güni bilelikde işledilýän zawody gaýtadan açmak we beýleki meseleler barada gepleşmek üçin duşuşyk geçirmek barada ylalaşdy.

Dartgynlyklaryň gowşamagy ABŞ-Hytaý sammitiniň öň ýanyna gabat gelýär. Bu sammitde Demirgazyk Koreýanyň baş temalaryň biri bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG