Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada iki žurnalist ýitdi


Fransuz prezidenti Fransua Olland Siriýada ýitirim bolan iki fransuz žurnalistiniň derhal azat edilmegine çagyrdy.

Fransiýanyň "Ýewropa 1" radiosy özüniň bir reportery bilen suratçysynyň tapylmaýandygyny aýtdy. Ol iki žurnalist, aýdylmagyna görä, Siriýanyň demirgazyk şäheri Aleppo tarap barýan eken.

Olland ol iki žurnalistiň boşadylmagyna Tokio sapary mahalynda, ol ýerde guralan metbugat ýygnagynda çagyrdy.

Olary kimiň tutup saklaýandygy belli däl. Olland, ýagdaýlaryny kynlaşdyrmazlyk üçin, ol iki žurnalist barada goşmaça maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

Emma "Ýewropa 1" radiosy olaryň atlaryny aýtdy.

Media hukuk topary bolan Serhetsiz reporterlar guramasy 2011-nji ýylyň martynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlan gozgalaňda Siriýada azyndan 24 žurnalistiň öldürilendigini, olaryň arasynda birnäçe daşary ýurtlynyň hem bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG