Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 7 gürjüstanly öldürildi


Gürjüstanyň harbylary günorta Owganystanda amala aşyrylan kast ediş hüjüminde 7 gürjüstanlynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Gürjüstanyň Goşun ştabynyň komandiri, general Irakli Žneladze penşenbe güni Tbiliside bolan metbugat ýygnagynda ol esgerleriň jeňçiler ýük maşynyny partladanlarynda wepat bolandygyny aýtdy.

Bu waka Helmand welaýatynda, gürjüstanly esgerleriň harby bazasynyň daş işiginde bolupdyr.

Žneladze birnäçe esgeriň ýaraly bolandygyny hem sözüne goşdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Helmandda 13-nji maýda hem üç gürji esgeri öldürilipdi. Owganystanda Gürjüstanyň 1600 esgeri bar.
XS
SM
MD
LG