Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Aňtaw gullugy kanuny aklaýar


ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň direktory J.Klapper.

ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň direktory J.Klapper.

ABŞ-nyň Aňtaw başlygy amerikan hökümet gulluklaryna internet kompaniýalaryndan maglumat ýygnamaga ygtyýar berýän kanun diňe Birleşen Ştatlaryň daşyndan amerikan bolmadyk adamlary nyşana almaga rugsat berýär diýýär.

Jeýms Klapper bu sözleri "Waşinton post" we Britaniýanyň "Gardian" gazetlerinde çap edilen makalalara jogap hökmünde aýtdy.

Klapper bu makalalarda bir topar nätakyklygyň bardygyny, şeýle-de bu programmalaryň üstüniň açylmagynyň ýerliksiz bolandygyny aýtdy.

"Waşington post" we "Gardian" penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň öňdebarajy internet kompaniýalary bilen hatlary, suratlary we beýleki dokumentleri barlamak boýunça göni gatnaşyk gurandygyny aýtdy.

Uly tehnologiýa kompaniýalary, şol sanda Apple, Google, we Facebook penşenbe güni özleriniň hiç bir hökümet gullugyna öz serwerlerine göni girmek mümkinçiligini bermändigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG