Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guriýew: "Russiýadan gaçyp gaýtdym"


Moskwanyň "Täze ykdysadyýet mekdebiniň" rektory Sergeý Guriýew. 24-nji sentýabr. 2012 ý.
Moskwanyň "Täze ykdysadyýet mekdebiniň" rektory Sergeý Guriýew. 24-nji sentýabr. 2012 ý.
Orsýetiň tanymal ykdysadyýetçilerinden biri Sergeý Guriýew özüniň indi ýurda dolanmajakdygyny aýdýar. Ol ýurdy sülçüleriň üznüksiz basyşyndan soň terk etmeli boldy. Guriýew Wladimir Putiniň syýasatyny tankyt edip, çykyş edipdi. Ol özüniň, tussag edilen oligarh Mihail Hodorkowskiniň işi bilen ilteşdirilip, türmä basylmakdan gorkýar.

Sülçüler Sergeý Guriýewiň öýüni döküp, müňlerçe elektron hatlary ele geçirensoň, oňa kän oýlanmagam gerek bolmady. Bu barlaglaryň türmede oturan oligarh Mihail Hodorowskiniň işi bilen baglanyşyklydygy oňa ozalam aýdylypdy. Şol wakadan soň Orsýetiň belli meşhur ykdysadyýetçisi Guriýew goş-golaňyny ýygnap, Pariže bilet alyp, ýola düşdi.

Onuň 30-njy apreldäki syýahaty baradaky habarlar geçen hepde ýüze çykdy. Bu waka Orsýetde ony söýýän we Putini tankyt edýän liberal ors elitasynyň agzalarynyň topalaň turuzmak gokusyny döretdi.

Putiniň çakylygyna garamazdan, Guriýew Orsýetde erkinliginiň howp astyndadygyny, şonuň üçinem özge ýurtda erkin ýaşamagy isleýändigini aýtdy. Onuň aýaly we çagalary häzir Fransiýada ýaşaýarlar.

"Türmede ömrümi kül edesim gelenok"

Ol ”Amerikanyň Sesi” kanalyna Parižden şeýle gürrüň berdi: “Men ýurdy terk etdim, sebäbi men türmede ömrümi kül edesim gelenok. Häzirki wagtda men ýurda dolansam, türmä basyljagym görnüp duran hakykat.”

41 ýaşly Guriýew soňky aýlaryň dowamynda birnäçe gezek soraga çekildi. Bu soraga tutmalaryň sebäbi 2011-nji ýylda Dmitriý Medwedewiň prezidentlik döwründe jenaýat suduna çekilip, tussag edilen Hodorkowskiý baradaky hasabatydyr.

Beýleki awtorlar bilen bir hatarda Guriýewiňem goşandyny goşan hasabaty, hökümete kadaly salgyt tölemändigi öňe sürlüp tussag edilen nebit magnatynyň garşysyna täzeden iş gozgalmagyny talap edýär diýlen netijä gelindi.

Ýöne Putiniň prezidentlik wezipesini täzeden eýelemegi bilen, ýurduň içindäkiler liberallyga ýykgyn eden Medwedowa ýakyn hasaplandylar we sülçüler olaryň işine gaýtadan şübheli garadylar. Köpler ýagdaýy häkimiýetdäki elitanyň arasynyň bozulmagyndan görýärler.

Sülçüler Hodorokowskiý baradaky hasabaty ýazan käbir hünärmenler barada şu ýylyň başynda iş gozgadylar. [LINK:http://www.rferl.org/content/khodorkovsky-crime-trial/24940316.html]

Mihail Hodorkowskiý.
Mihail Hodorkowskiý.
Şu wagta çenli şaýat hökmünde sorag edilen Guriýew agzalýan waka barada özüne-de şübhe bildirýändiklerinden gorkup, Orsýetden gaçandygyny aýdýar: “Men sülçüleriň alyp barýan işleriniň örän ýitileşip başlandygyna göz ýetirdim we bu meniň üçin dolulygyna garaşylmadyk ýagdaýdy. Sabyr käsämi dolduran iň soňky damja 25-nji aprelde bolup geçdi. Sülçüler meni sorag etmek üçin çagyrdylar, emma olar meni sorag etmegiň deregine kazyýet meniň 2008-nji ýyldan bäri ýazyşan elektron hatlarymy dörmegi, şeýle hem iş edaramy dörmegi buýurdy. Ol meniň öýümiňem dörülmek ähtimallygyny ýaňzytdy. Ana, şonda men indiki soragda meniň bu ýerdäki statusym üýtgäp biler diýip pikir etdim.”

Galyberse-de, sülçüler sylaga eýe bolan ”Täze ykdysadyýet mekdebiniň” maddy üpjünçiligine seretdiler. Bu mekdepde Guriýew 10 ýyldan bäri rektorlyk wezipesini alyp barýardy. Ol geçen aý öz islegi bilen işden çykdy.

2003-nji ýylda Hodorkowskiý mekdebe haýyr-sahawat üçin hemaýat eden ekeni. Muňa garamazdan, haýyr-sahawatyň doly tölegi Guriýew tölegli rugsatda wagty geçip, ol mekdebiň ýyllyk býujetiniň bary-ýogy 3 göterimini düzüpdir.

Guriýewiň sülçüleriň gysyş hem basyşlary barada pikir ýöredesi gelenok.

Onuň ýeke-täk aýdýan zady onuň kanuny aladalarynyň Hodorkowskiý we onuň biznes partnýory Platon Lebedowy gözenegiň arkasynda saklamak üçin häkimiýetleriň täze günäkärlemelere başladandygy baradaky myş-myşlara ynam döredýänligidir.

Olaryň ikisi hem öňümizdäki ýyl boşadylmalydy.

Guriýew şeýle diýýär: “Belki-de, iki işem birleşdiriler we syýasylardan biri orta çykyp: ”Bize bu ýagdaý gerek däl, goý, Hodorkowskiý azat edilsin” diýer. Ýöne faktlar fakt bolýar, iki işe-de goşulyp, iş alyp baranlar entek hiç ýere gidenok. Olar entägem sülçülikde jenaýaty agtaryş gulluklarynda işleýärler. Meniň öz ýagdaýym baradaky işde meniň duşan, ýüzbe-ýüz bolan adamlarym (prokurorlar, sülçüler) Yukosyň garşysyna gozgalan işde-de bardylar. Şonuň üçin hem men 3-nji Ýukos ýagdaýynyň döremejekdigine güwä geçip bilemok.”

Ýagdaý şeýle bolsa-da, köpler Guriýewiň oppozisiýa eden kömegi üçin ýanalýandygyna ynanýar. Sebäbi Putiniň garaşylmadyk ýagdaýda çykyp biljek hökümete garşy tolkunlaryň öňüni almaga çalyşýandygy belli zat.

Alekseý Nawalnyý.
Alekseý Nawalnyý.
Geçen ýyl ol blogger hem-de oppozisiýanyň liderlerinden biri Alekseý Nawalnyý tarapyndan döredilen korrupsiýa garşy topara 10.000 rubl (315$) kömek etdi. Nawalnyý häzirki günlerde syýasy hem-de toslanan aýyplamalar bilen sorag edilýar.

Guriýew öz makalasynda Orsýetde has köp syýasy garaýyşlar bolmalydygyny ýazyp, özüniň haýsy tarapdadygyny görkezdi.

Ol Nawalnyýnyň alyp barýan ýoluna imrinýändigini gizlemeýär.
XS
SM
MD
LG