Sepleriň elýeterliligi

Täze pasport: Näme bilmek isleýärsiňiz?


Türkmenistanyň pasportlary

Türkmenistanyň pasportlary

Şu ýylyň 10-nji iýulyndan başlap türkmenistanlylar diňe daşary ýurt pasporty, ýagny täze biometrik pasport arkaly ýurtdan çykyp bilerler. Täze biometrik pasporty almak üçin bolsa, kämillik ýaşy dolan ýigitlerden harby bilediň bolmagy talap edilýär.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan we okaýan türkmenistanlylary, tomusky dynç alyş möwsüminde ýurda dolananlarynda, “täze pasporty wagtynda alyp bilerinmi?”; “ýurtdan çykmaga rugsat edilermi?”; “hökmany harby gulluga çekilmän, okuwymy dowam etidirip bilerinmi?” diýen ýaly dürli soraglar aladalandyrýar.

Azatlyk Radiosy bu soraglaryň ählisini aýdyňlaşdyrmak üçin ýörite sorag-jogap gepleşigini gurnaýar.

Bu temada sizi anyk haýsy meseleler aladalandyrýar, haýsy soraglara jogap gözleýärsiňiz, haysy kanuny maddalaryň düşündirilmegini isleýärsiňiz?

Ynha size pursat: öz soraglaryňyzy aşaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz. Eger-de degişli hukukçy bilen geçiriljek sorag-jogaba gatnaşyp, sowalyňyzy bermekçi bolsaňyz, onda sişenbe güni, ýagny 11-nji iýunda merkezi ýewropa wagty bilen sagat 17:00-da başlanýan ýazgydaky gepleşigimize gatnaşyp bilersiňiz.

Gürrüňi edilýän sorag-jogaba gatnaşmak üçin

- skype (azatlykradiosy);


- Facebook (Azatlyk Radiosy);

- Vkontakte (Azathabar);

- telefon 00420 221125103 peýdalanyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG