Sepleriň elýeterliligi

“Türkiýäniň Putini” agyr döwri başdan geçirýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan, 7-nji iýun, 2013.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan, 7-nji iýun, 2013.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan “Türkiýäniň Putini” diýen ýaňsyly ada eýe boldy. Häzirki wagtda ýurtda başlanan we Erdoganyň döreden sistemasyna wehim salýan protestler Orsýete mahsus “dolandyrylýan demokratiýa” syýasatynyň Türkiýä ýaramly syýasy model däldigini görkezdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň başdan geçirýän häzirki ýagdaýy Putiniňkä meňzeşmi?

Türkiýede Erdoganyň syýasatyna garşy geçirilýän protestler dowam edýär we has-da ýaýbaňlanýar. Häzirki wagtda Erdoganyň duşen ýagdaýy 2011-nji ýylyň aýagynda we 2012-nji ýylyň başynda Wladimir Putiniň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryna meňzeýär. Şonda Moskwanyň onlarça müň ýaşajylary köçä çykyp, Putiniň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edipdiler.

Orsýetdäki syýasy krizis henizem soňlananok. Emma Putin özüne garşy görkezilen basyşlardan saplanmagy başardy. Ol başda protestleri gadagan etdi, yz ýany ýurtda başga pikirliligi çäklendirmek üçin çäre gördi. Orsýetiň bu tejribesi Erdogan üçin nusga bolup bilermi?

Öwrülişikli pursat

Nýu Ýorkda ýerleşýän Orsýetiň Täze taryhy boýunça institutynyň bilermeni Maýkl Weýs Türkiýede dowam edýän häzirki protestler Erdogan üçin öwrülişikli pursat bolup biler diýip hasap edýär. Weýsiň pikiriçe, häzirki protestler soňky 10 ýylyň dowamynda ýurduň syýasaty üçin iň uly synag boldy.

Erdoganyň protestler barada edýän Putine mahsus çykyşlary, ýagny protesçileri ekstremistler we daşary ýurlular diýip atlandyrmagy we polisiýa olara garşy güýç ulanmaga görkezme bermegi ony protestçileriň gahar-gazabynyň nyşanyna öwürdi.

Meňzeşlikler

Soňky ýyllarda, Erdogan Putin bilen deňeşdirilende, olaryň arasynda käbir meňzeşlikler ýüze çykýar. Olaryň ikisi-de örän merkezleşdirilen syýasy sistemalary döretdiler, öz ýakyn töwereginiň baýamagy üçin şert döretdiler, habar serişdelerine we raýat jemgyýetçiligine berk basyş etdiler, şeýle-de, raýat azatlyklarynyň çäklendirilmegini, durmuş derejesiniň bolsa gowulanmagyny gazanyp bildiler.

Üstesine, köpleriň bellemegine görä, bu iki lideriň käbir şahsy häsiýetlerinde-de meňzeşlikler bar. Olar köpçüligiň öňünde özlerini ynamly görkezmäge çalyşýarlar, biraz ulumsy görünýärler we tankyda çydamsyzlyk bildirýärler. Şeýle-de, olar milli däp-dessurlara konserwatiw garaýyşlary we awtoritar dolandyryşa ýykgyn etmekleri bilen tanalýarlar.

Bi iki ýurduň liderleriniň ýüzbe-ýüz bolan syýasy krizisleri olaryň 10 ýyllap häkimiýet başynda bolup, geljekde-de häkimiýeti öz elinde saklamaga synanyşmaklary netijesinde döredi.

Strategiýa we halkara barlaglary institutynyň Orsýet we Ýewraziýa boýunça programmalarynyň müdiri Andrew Kuçinsyň pikirine görä, protestlere esasy itergi beren - Orsýetde Puitnden Türkiýede-de Erdogandan ýadawlyk. .

Aratapawut

Emma Andrew Kuçins Türkiýedäki ýagdaýyň Orsýetden tapawutlanýandygyny bellemek bilen, Erdoganyň häzir has agyr pursaty başdan geçirýändigini aýdýar. Bilermeniň pikiriçe, Türkiýede demokratiýanyň derejesi Orsýetden has ýokary bolup, türk jemgyýetçiliginiň häkimiýetden edýän talaplary-da has uly.

Orsýetde bolan protestleriň aglaba bölegi paýtagtda geçirilipdi. Kreml protestçileriň liderlerine garşy galp aýyplamalara esaslanýan jenaýat işlerini gozgamak arkaly ýurtda protest bildirmek synanyşyklaryny gowşadypdy.

Orsýetden tapawutlylykda Türkiýede polisiýa protesteri saklap bilmedi, başda kiçäňräk toparlardan başlansa-da, soňra protestler tutuş ýurda ýaýrady.

Analitik Kuçins muny esasy aratapawut diýip atlandyrýar. Onuň pikirine görä, bu Türkiýäniň syýasy sistemasynyň Orsýetdäki ýaly derejede merkezleşdirilmändigini, belki-de, türkleriň häkimiýetden has nägiledigini, ýogsa-da olaryň orsýetlilere garanda hökümete garşy pikirlerini açyk mälim etmäge has ukyplydygyny görkezip biler.

Erdoganyň hökümeti dolandyran döwründe Türkiýe Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynda iň tiz ösýän ykdysady sistemaly ýurt boldy. Bilermenler bu ykdysady ösüşiň Erdoganyň režimi üçin häzirki wagtda has howply ýagdaýy döredip biljekdigini belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG