Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşiginiň giňeliş komissary Stefen Fuele Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogana demokratiýada demonstrantlara garşy aşa güýç ulanmaga orun ýokdugyny duýdurdy.

Fuele anna güni, Stambulda Erdoganyň gatnaşmagynda guralan konferensiýada çykyp gürläp, şu hepdäniň başynda protestçileriň polisiýa tarapyndan basylyp ýatyrylyşy we munuň azyndan üç adamyň ölümine, müňlerçe adamyň ýaralanmagyna getirmegi baradaky aladalaryny bildirdi.

Erdogan konferensiýada eden çykyşynda özüniň demokratiýa talaplary bolan islendik adama açyk ýüreklidigini aýtdy.

“Biz terrorçylyga, zorluga, wandalizme, azatlygyň hatyrasyna beýlekilere howp salýan hereketlere garşy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
XS
SM
MD
LG