Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Abliýazowa garşy nämeler eder?!


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) we telekeçi Muhtar Abliýazow.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) we telekeçi Muhtar Abliýazow.
Muhtar Abliýazow on ýyl mundan ozal Gazagystanyň ady belli Deržawinsk türmesinden boşadylypdy. Ol türmeden çykanda syýasaty taşlajakdygyny wada beripdi.

90-njy ýyllaryň güýçli oligarhy we kämilleşýän gazak oppozisiýasynyň beýgelýän güýji Abliýazow bikanun maliýe meseleleri boýunça 6 ýyl tussaglyga höküm edilip, şonuň 10 aýyny ol türmede geçirdi. Ýöne on aý hem bolsa bu onuň üçin artykmajy bilen ýetipdi. Sebäbi onuň türmede oturan döwründe urulyp ýenjilendigi we oňa öz aklawçylary bilen görüşmäge rugsat berilmändigi aýdylýar.

Abliýazowyň ozalky syýasy howandary Nursoltan Nazarbaýew oňa günä geçişlik teklip edeninde Abliýazow syýasy hyjuwlaryndan el çekip, olary öz azatlygyna çalyşmaga razy boldy we ümsüm öz işine gümra boljakdygyna söz berdi.

Tutulmadyk "wada"

Berilen söz nähili hem bolsa uzaga çekmedi.

Geçen on ýyllykda Abliýazow Nazarbaýewi agdarmak maksady bilen oppozisiýa toparlaryny we garaşsyz mediany goldap millionlarça pul sarp etdi. Gazak prezidenti bir döwürler Abliýazowyň golundan tutup ony Gazagystanyň post sowet ykdysady ösüşleriniň arkasyndaky parlaýan ýaş ýyldyzlaryň biri hökmünde syýasy elitanyň hataryna goşupdy.

Nazarbaýew hem öz gezeginde bir wagtlar azatlyga goýberen garşydaşyna ýara salmak, üçin hiç zadyny gaýgyrmady. Ol Abliýazowyň BTA bankyny ýapdy we ony ýurtdan çykyp gaçmaga mejbur etdi. Nazarbaýew Abliýazowy 6 milliard dollary öz hasabyna geçirmekde aýyplady we bu aýyplamany britan sudunda kabul etdirmek üçin ýüz müňläp dollar sarp etdi.

Ahyrsoňy geçen hepdede gazak prezidenti goýumyny has ýokarlandyrana meňzeýär. Bir hepde mundan ozal Abliýazowyň aýaly we 6 ýaşly gyzy Italiýanyň polisiýasy tarapyndan saklanyldy we täsirli syýasy girewler hökmünde ulanylmak üçin Almata deportasiýa edildi.

Abliýazowyň uly gyzy Medine Abliýazowa şeýle diýýär: “Meniň kakamyň ýurda dolanmagyny isleýän adam ýok. Olar ony tutmak isleýärler. Men muny aýratyn nygtap aýdýaryn. Olar ony tutaslary gelýär. Girew hökmünde däl. Mümkin, olar ony tutan badyna, dessine onuň ýoguna ýanarlar. Olar ony öldürmek islýärler, sebäbi meniň kakam prezidentiň iň güýçli garşydaşydyr.”

Bu wakalar 1998-nji ýylda boljagy göz öňüne-de getirilmedik hadysalaryň netijesidir. Şol ýyl günorta Gazagystandan amaly fizika boýunça ýokary bilimli Abliýazow her kimiň arzuw edýän wezipesi bolan energiýa, senagat we söwda ministri wezipesine bellenilipdi.

"Ýaş nesil"

Pawlodaryň häkimi Galymžan Žakiýanow, maglumat ministri Altynbek Sarsenbayew ýaly wezipä bellenip-boşadylyp ýören beýleki syýasatçylaryň hatarynda Abliýazow hem ösüp gelýän ýaş nesliň agzalaryndandy. Bulardan 20 ýaş uly Nazarbaýew öz halkyny 21-nji asyrda öňe gitmekde ýaş syýasatçylary ulanmak isledi.

Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen Abliýazow we beýlekiler Nazarbaýewiň töweregindäki adamlaryň arasynda korrupsiýanyň ýaýbaňlaşandygyny esas gökezip ylalaşmany başladylar. Olar reforma ýykgyn edýän oppozisiýa hereketini başlatmak bilen režimiň gaharyny getirdiler. Žakiýanow hem edil Abliýazow ýaly tussag edildi ýöne ol Abliýazowdan tapawutlylykda günä geçişlik teklibini ret etdi. “Ak Žol” oppozision partiýasyna başlyklyk eden Sarsenbaýewiň bolsa, 2006-njy ýylda janyna kast edilip öldürildi.

Gazagystanyň adam hukuklary we kanun düzgüni boýunça halkara býurosynyň başlygy Ýewgeniý Žowtis Nazarbaýewiň ozalky saýlan adamlaryna eden gysyş we basyşlaryny başyndan bäri şahsy bolandygyny aýdýar.

Ol: “Nazarbaýew özüne dönüklik edilen ýaly duýandygyny arkaýyn aýtsa bolar. Sebäbi ol olaryň baýamagynda, meşhurlyk gazanmagynda, döwlet edarasynda ýa-da söwda ugrunda olaryň iş edinmeginde özüniň sebäp bolandygyna ynanýar. Olar hem Nazarbaýewi kyn güne goýdular. Ol 2003-nji ýylda Abliýazowyň günäsini geçip munuň garşylygynda bolsa, Abliýazowyň gaýdyp syýasata goşulmajakdygyna, öz işi bilen gümra boljakdygyna beren wadasyny eşideninden soň hem, ýene ony syýasatda görüp, elbtede, ikinji sapar özüne dönüklik edilendigini duýdy.”

Häzirki döwürde Abliýazow özüçe Nazarbaýew bilen söweş etmäge höwesli. Gazagystanyň “ömürlik prezidenti” bolsa ony gaçgak diýip yglan etdi.

Britaniýa

2011-nji yýlda Britaniýa Abliýazowyň öz ýurdunda belli syýasy ýanamalara sezewar bolýandygyny ykrar edip, oňa syýasy bosgun statusyny berdi. Ýöne şondan bir ýyl geçensoň ol “maddy barlygy barada maglumat berip bilmäni tussag edilerin” diýen bolup Angliýadan hem gaçyp gitdi. Geçen aý Londonyň Ýokary Sudy BTA Bankyny, Abliýazowyň maddy barlygyny öz algydarlaryna yzyna tölemeli diýip, ýapmagy kararlaşdyrdy.

Bir ýyldan bäri Abliýazowyň baran ýeri intensiw spekulasiýalaryň mesgenine öwrüldi. Ýöne onuň ýuristleriniň pikirine görä, Italiýanyň hukuk goraýjy gulluklary geçen hepde Rimiň etegindäki willa hüjüm edenlerinde Abliýazowyň aýalyny däl-de onuň özüni saklarys diýip umyt eden ekenler.

Italiýanyň polisiýasy 29-njy maýda gije reýd guradylar we onuň yz ýany bilenem Abliýazowyň aýaly Alma Şalabaýewany we olaryň 6 ýaşly gyzy Aluany ýasama resminamalar götermekde aýyplap, deportasiýa etdiler.

Abliýazowyň aklawçysy Rikardo Oliwýo, Şalabaýewa we onuň gyzynyň gazak pasportynyň we Latwiýda berlen ÝB-de ýaşaýanlygy barada rugsat hatlarynyň bardygyny aýdyp, aýyplamalary iňkär etdi.

Şeýle-de, Oliwýo eneli gyzyň gaty gyssagly ýagdaýda ýurtdan çykarylmagynda italiýan we gazak häkimiýetleriniň dildüwişikli iş alyp barandyklaryna şübhe döredýär diýip, belledi. Eneli gyz, aklawçylar entek deportasiýa buýrugyny seljerip ýetişmänkäler, ýagny 72 sagadyň içinde hakyna tutulan uçar bilen Rimden çykaryldylar. Uçarda olaryň ýanynda gazak konsuly hem bardy.

Şalabaýewa häzir Gazagystanda potensiýal jenaýatçylykly aýyplamalara sezewar edilýär. Oňa ýasama resminama ulanmakda aýyplanma bildirilip Almatadan çykmak gadagan edildi.

Abliýazowyň tarapdarlary Gazagystanyň energiýa proýektlerine uly möçberde maýa goýan Italiýanyň we Britaniýanyň konfliktde bitarap bolup bilmejekdiklerini aýtdylar. (Geçen ýyl Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Toni Bleýre Nazarbaýewiň maslahatçysy hökmünde 13 milion amerikan dollary tölenende, protest sesleri ýurtda ýaňlanypdy)

Ýagdaý şeýle bolsa-da görnetin bir hakykat bar, ýagny Nazarbaýew entägem özüniň Abliýazow ýaly garşydaşlaryndan asudalygy satyn alyp bilenok. Žowtisiň aýtmagyna görä Nazarbaýew soňky göçümi göçmek bilen, özüniň tankytçylarynyň sesine suw guýmak üçin adatdan daşary çäreleri görmäge-de taýýardygyny görkezdi.
XS
SM
MD
LG