Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada 300 adam tussag edildi


Moskwada musulmanlaryň ybadat edýän bir otagynda 300 töweregi adam, şol sanda 170 daşary ýurtly tussag edildi. Polisiýa şol adamlaryň anna güni näme sebäpden tussaglyga alnandygy barada maglumat bermedi.

“Reuters” habar gullugynyň berýän maglumatyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda Moskwada we Sankt-Peterburg şäherinde şeýle reýdleriň üçüsi amala aşyrylypdyr.

Mundan öň, prezident Wlamidir Putin geljek ýyl Soçide geçjek gyşky olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasy, radikal yslamçylary basyp ýatyrmak barada görkezme beripdi.

Anna güni geçirilen maslahatda Putin “korrupsiýa, jenaýata we söweşijilere garşy göreşiň berk we dowamly” alnyp barylmalydygyny nygtady. Şeýle-de ol “Demirgazyk Kawkaz regionyndaky ýagdaýlaryň aýratyn gözegçilikde saklanmalydygyny” hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG