Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Prezidentlige dalaşgärler çekişdi


Eýranda prezidentlige dalaş edýän sekiz kandidat telewideniýede üçünji we iň soňky çekişmäni geçirdiler. Gepleşigiň bu tapgyrynda esasy üns ýurduň içerki we daşarky syýasatyna gönükdirildi.

Eýranyň ozalky daşary işler ministri Ali Akbar Welaýati ýurduň halkara abraýyny gowulandyrmak we beýleki döwletler bilen “konstruktiw” hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Dalaşgärleriň ählisi Günbataryň syýasatyndan nägiledigini aýan etdiler.

Uniwersitetiň professory Mohammad Reza Aref prezident Ahmadinejadyň hökümetini tankytlap, ony adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyryp bilmändiginde aýyplady.

Eýranda prezident saýlawlary 14-nji iýunda geçiriler.
XS
SM
MD
LG