Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň aýrylyşmagy ýaňsa alynýar


Prezident Putin aýaly bilen aýrylyşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:02 0:00

Prezident Putin aýaly bilen aýrylyşdy

6-njy iýunda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň aýaly Lýudmila döwlet telewideniýesinde özleriniň aýrylyşandyklaryny yglan edenden birnäçe sagat soň, olaryň aýrylyşmagy bilen baglanyşykly ýazylan degişmeler sosial mediada, aýratynda Twitter sosial ulgamynda iň köp okalan teswirlere öwrüldi.
Ynha şol teswirlerden käbirleri:

1) “Kanuna görä, indi Lýudmila Putina Orsýetiň ýarysyna eýe bolar” diýilip ýazylan teswirde, Kremliň lideriniň ýurduň baýlygyny eýeleýändigi barada il arasynda ýaýran gürrüňe ünsi çekip, onuň üstünden düşüpdir.

2) Beýleki bir teswirde şeýle diýilýär: “Putin aýalynyň işden çekilmegini kabul etdi we täze aýaly saýlanýança geçiji aýalyny belledi." Bu teswirde Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýaniniň şu hepde wezipesinden çekilmegine yşarat edilýär.

Orsýetli teswirçiler, Sobýaniniň wezipesinden çekilýändigini yglan eden soň, Putiniň ony gaýtadan geçiji möhlet boýunça şäher häkimi wezipesine bellemek bilen, ýakyn wagtda geçiriljek ses berlişikde onuň gaýtadan saýlanmagyny gazanmagy maksat edinendigini aýdýarlar.

Ses berlişigiň örän çalt geçiriljekdigi nazara almak bilen, teswirçiler, garşydaşlarynyň oňa taýýarlanmaga pursadynyň bolmajagyny aýdýarlar.

3) Başga bir teswirde şeýle diýilýär: “Medwedew Lýudmila öýlener, ýöne dört ýyl soň ol ondan aýrylyşar we Putin gaýtadan Lýudmila öýlener” bu ýazylan teswirde hem, Putiniň iki sapar prezidentlige saýlanyp, üçünji gezek bu wezipä geçmäge hukuk gazanmak üçin, Kremle dört ýyl möhlet boýunça Dimitriý Medwedowy getirmegine üns çekilýär.

Orsýetiň esasy kanunyna görä, bir adam yzly-yzyna diňe iki gezek prezident wezipesine saýlanyp bilýär.

4) “Lýudmila Putina üçünji möhleti ret etdi. Sebäbi ol konstitusiýa hormat goýýar.” Bu teswir hem Putiniň üçünji möhlet bilen Kremle dolanyş usulynyň üstünden düşülip ýazylypdyr.

5) “Bu seniň Berluskoni bilen dostlugyňyň netijesidir” Bu teswir hem Putiniň Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni bilen ýakyn gatnaşygy göz öňünde tutulyp ýazylypdyr. Silwio Berluskoni zenanlara bolan gowşaklygy bilen köpçülikde tanalýar we ol ýaňy ýakynda aýaly Weronika Lariodan aýrylyşypdy.

“Putinsiz Lýudmila”
“Putinsiz Lýudmila”
6) Oppozisiýanyň graffiti görnüşinde “Rossiýa Bez Putina” ýagny, “Putinsiz Orsýet” diýip ýazan şygarlaryndan ugur alynyp, “Lýudmila bez Putina” ýagny, “Putinsiz Lýudmila” diýip ýazylan ýazgylar hem Orsýetiň sosial ulgamynda giňden ýaýrady.

7) “Putin çagalarynyň Orsýetde ýaşaýandygyny aýtdy. Ol Lýudmila bilen öz çagalary barada gürrüň edýärmi?” Bu teswir hem Putiniň nikasyz çaga dogurandygy baradaky myş-myşlar göz öňünde tutulyp ýazylypdyr.

8) “Lýudmila soňundan Orsýetiň Hillarisi bolup bilermi?” diýip, ýazylan bu teswirde hem ABŞ-nyň öňki prezidenti Bill Klinotonyň aýaly Hillari göz öňünde tutulypdyr.

Hillari Klinton Birleşen Ştatlaryň senatory we Döwlet sekretary wezipelerinde işledi. Ol 2016-njy ýylda ABŞ-da geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy mümkin kandidatlardan biri.

9) “Lýudmila özüni Putinden halas etmegi başaran ýeke täk orsýetlidir” diýilip ýazylan teswir hem sosial mediada uly meşhurlyga eýe bolup, giňden ýaýrady.
XS
SM
MD
LG