Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Binany otlana ölüm jezasy berildi


Hytaýda 25 ýaşly bir adam binany otlamakda we sekiz adamy öldürmekde aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edildi.

Resmi “Sinşua” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Lin Binweý özüne ýöňkelýän aýyplamalary boýun alypdyr.

Binweý bir erkek kişiniň özüniň hallaşýan gyzy bilen gatnaşyk saklaýandygyndan şübhelenip, 23-nji fewralda şol adamyň ammaryny ýakypdyr. Munuň netijesinde, ammaryň golaýyndaky jaýlara hem ot düşüp, sekiz adam öldi, başga-da biri ýaralandy.
XS
SM
MD
LG